ÇEPER ELLI GYZLAR BÄSLEŞDILER

Türkmen oba hojalyk institutynda ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleriniň talyp gyzlarynyň arasynda yglan edilen «Täze eýýamyň üme däbi» atly döredijilik festiwaly geçirildi. Bäsleşige gatnaşan talyp gyzlar ene-mamalarymyzdan miras galan dürli görnüşdäki el işlerini ussatlyk bilen ýerine ýetirdiler.

Talyp gyzlar üme dessurlaryny ýerine ýetirýän pursatlary «Halkyň Arkadagly zamanasy» ýylynda Arkadagly Serdarymyzyň baştutanlygynda alnyp barylýan beýik işler, ýetilen sepgitler, halkymyzyň baý geçmiş mirasy, medeni gymmatlyklarymyz, milli däplerimiz, ene-mamalarymyzdan nesilden-nesle geçip, dowam edip gelýän milli el işleriniň görnüşleri, ýaşlaryň bagtyýar durmuşy hakyndaky ýürek buýsançlaryny goşgy setirleri, läleler, monjugatdylar arkaly beýan etdiler.

Bu ýerde giňden ýaýbaňlandyrylan sergide türkmen senetçiliginiň kämil nusgalary bolan haly, dokma, keçe önümleri, el işleriniň dürli görnüşleri görkezildi. Festiwalyň dowamynda aýdym-sazly çykyşlara hem giň orun berildi.

Hormatly Prezidentimiziň tagallasy bilen Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe gadymy däp-dessurlarymyza, milli gymmatlyklarymyza uly sarpa goýulýar. Türkmeniň medeni mirasy juda baý hem-de köp öwüşginlidir. Gelin-gyzlarymyzyň deňsiz-taýsyz el işleri milli mirasymyzyň aýrylmaz bölegidir. Işjeň ýagdaýda geçen döredijilik festiwalyna gatnaşyp, ýeňiji bolan talyp gyzlar hemişelik Bitaraplygymyzyň 27 ýyllyk şanly baýramy mynasybetli geçirilýän bäsleşigiň döwlet tapgyryna gatnaşmaga hukuk gazandylar.

 

Batyr NURYÝEW,

Türkmen oba hojalyk institutynyň mugallymy, KA-nyň işjeň agzasy.

Daşoguz habarlary gazeti.

© TÜRKMENISTANYŇ ZENANLAR BIRLEŞIGINIŇ MERKEZI GEŇEŞI zenan.gov.tm 2012-2023      Email: tzb@online.tm