Inçe sungatyň muşdagy

Zenanlar guramasynyň işjeň zenanlaryň arasynda yglan eden bäsleşiginiň welaýat tapgyrynda etraplardan gelen çeper elli zenanlar öz başarnyklary bilen çykyş edip, tejribe alyşýardylar. Bäsleşigiň bu tapgyry Ýaňyl üçin has-da aýgytlaýjy. Çünki gulpagyny tasadyp ýören çagalyk döwründen mähriban käbesiniň irginsiz yhlas bilen öwreden el hünäriniň bu gün netijesini saldarlajak gündi. Bellenen şertleri tolgunmazdan, emaý bilen, ýöne göze ilmez hereketlerde, bar dykgatyny ejesiniň hemişe gulagyna guýup gelşi ýaly, edýän işine gönükdiren yhlasly gelin edil şu pursat daşyndan synlanyňda, bir bitewi sazlaşyga gurşalypdy. Göýä daş-töwerek gök parç bolup, tutuş barlyk gözel tebigatyň jadyly dünýäsine gurşalan ýaly. Kalbynda möwç urýan telwasyny daş-töweregiň gözelligi bilen sazlaşdyrýan gelin, bellenen wagtyň dowamynda hyýaly duýgulara berlip, läle-reýhan görnüşleri nagyşlara geçirip, on barmagynyň oýnamyndan birgeňsi gudrat döretdi. Yhlas myrada ýetip, üstünlik gazanyldy...

Ýaňylyň jemgyýetçilik işlerine hemişe işjeň gatnaşýandygy barada zenanlar guramasynyň beýleki bäsleşiklerinde-de, dürli maksatlarda geçirilýän çärelerde-de olary guraýjylar tarapyndan, deň-duşlarynyň arasynda-da özara gürrüňdeşlikde häli-şindi tekrarlanýandygyna köp gabat gelipdik. Onuň, esasan, el işleriniň arasynda keşdä köp ýykgyn edýändigini, egin-eşiklerini, lybaslaryny öz işleri bilen bezeýändigini guwanç bilen aýdýarlar. Ýaňyl Gubadag etrabynyň Bereketli geňeşliginiň ýaşaýjysy, etrapdaky 2-nji orta mekdebiň mugallymy, zenanlar guramasynyň işjeň agzasy, ökde tikinçi hem keşdeçi, maşgalasynyň ýaraşygy, alty çaganyň ejesi. Durmuşyň bar keşigini özünde jemleýän ildeşimiz, barlygyň ähli babatynda öňdebaryjylygy bilen tapawutlanýan işjeň zenan Ýaňyl Akyýewa bilen inçe sungatyň täsin dünýäsi barada söhbet etmek maksadynda, olaryň döwletli ojagynda myhman bolduk.

Ýaňylyň ykjam keşbiniň täsiri mukaddes ojagyna-da, maşgalasyna-da mahsus eken. Mylaýymdan talabediji enäniň yhlasy çagalarynyň, aýratyn-da, gyzlarynyň özüni alyp barşynda mese-mälim duýulýar. Arassa hem rejeli, giň hem ýagty otaglar elinden dür dökülýän zenanyň yhlasy bilen inçe el işlerinden birkemsiz bezelipdir. Tebigy zehiniň yhlas hem irginsiz zähmet bilen has-da pajarlap, gol ýaýradýandygyna Ýaňylyň durmuşynyň, inçe el işleriniň mysalynda aýdyň göz ýetirdik. Ykjam ýakaly köýneklerdäki, olara sazlaşykly tikilen çabytlardaky inçe el işleriniň, owadan keşdeleriň aglabasynyň öz elinden çykandygyny ol uly buýsanç bilen aýtdy. Onuň salgysyna aýdylan gürrüňleriň diňe bir öwgi häsiýetli bolman, eýsem, durmuşy hakykatdygyna özara söhbetdeş bolanymyzda has ýakyndan göz ýetirdik.

— Ýaňyl, siz mekdepde mugallym, öýde zenan, hamrak ene, eli çeper ökde tikinçi, jemgyýetçilik işlerinde öňdebaryjy, işjeň agza. Ählisi hem her günüň derwaýys wezipeleri, eýsem, kynçylyk duýlanokmy?

— Hemmesiniň hem mazmuny bir maksatda jemlenýär. Yhlasdyr zähmetiň bitewi baglanyşygy ählisiniň hem düýp özeni. Esasy zat ünsüňi bir ýere jemläp, maksadyň ugry boýunça dürs hereket etmek. Muny men öz durmuş tejribämiň mysalyna salgylanyp aýdýaryn.

— Görýäs welin, lybaslaryň ählisi inçe el işleri, keşde nagyşlary bilen bezelipdir, öz eliňizden çykypdyr. Başlangyç synp mugallymy hem gol doly maşgalanyň eýesi hökmündäki wezipeleriňiz inçe işe täsirini ýetirenokmy? Çünki keşde dümtünip, üstünde oturmaly iş.

— Keşde, elbetde, oturylyp-turlup ýa-da islän wagtyň eliňe alnyp ýörülýän iş däl. Keşde zenan dünýäsiniň nagyşlardaky keşbi. Okuwçylarymyň, çagalarymyň üstünligi ýüregimi hemişe joşduryp durýar. Kalbyň telwasyny, içki dünýäňde döreýän gözelligi, söz bilen düşündirip bolmaýan duýgulary bir zada geçiresiň gelýär. Bu zenanlaryň ählisine-de mahsus duýgy. Şonda ähli işimi boldum edip, durmuşymyň owadan pursatlarynyň nagşyny çekýärin.

— Adam her hili duýgulary başdan geçirmeli bolýar. Aýratyn-da, zenanlar näzik göwünli. Onuňam keşdä täsiri bardyr?

— Elbetde, gönüden-göni. Durmuşda hemişe ýag bilen bal ýaly diýeniň bolup duranok. Käwagt ýeňip geçmeli ýagdaýlaram bolýar. Şol pursat keşdäni eliňe alanyň peýdasy ýok. Keşde zenan kalbynyň suratyny çekýär.

— Keşde çekýän pursadyňyz halypaňyzyň haýsy talabyny ýatlaýaňyz?

— Halypam ejem jan. Ilki keşde öwrenjek bolanymda ejem jan: «Hünäri öwren-de ýigren» diýipdirler. Hünärleriň hemmesindenem başyň çyksyn! Ýöne keşdäni ýaşyň birçene barýança bir gapdalyňdan goýmagyn! Çünki keşde zenanda sabyr-takady, ahlaklylygy, pikiriňi hemişe bir ýere jemläp, dürs hereket etmegi, içki dünýäňi gözellige besläp gezmegi terbiýeleýär» diýip, hemişe gulagyma guýup geldi.

— Keşdede ilkinji işiňiz?

— Oglan jigime akgaýma tahýa tikip beripdim. Ejem janyň talabediji nazarynda buýsanç gören günüm şol gün, hiç ýadymdan çykmaýar.

— Keşdä başlamak üçin ilkinji işler?

— Sapak işmegi öwrenmeli. Sapak iki bölek edip, uzyn kesilip alynýar, ilki ikisem saga, soň birikdirip çepe işilýär. Soň iňňe saýlamaly. Keşde üçin uzyn hem gaty inçe iňňe gerek. Inçe iňňe keşde çekilýän matanyň saçyň tary ýaly ýerini garbap alyp, keşde halkany öndürmäge amatly bolýar. Barmagyňa oňaýlap ýüwse tikmeli. Nah matadan köpräk gatlap tikilen ýüwse geýlen barmak ýüwrük işleýär, keşde ýylmanak bolýar. Ýerligini taýýarlamak hem esasy işleriň biri. Gyrawdan ýa-da ýüpek keteniden ýerligi biçilýär. Arkasyna sap nahdan dokalan mata ýabşyrylýar. Ol keşdäň tekiz hem zyba çykmagy üçin oňaýly bolýar.

— Keşde haýsy nagyşdan başlanýar?

— Alajasyndan, alaja edip eliň gowy düzlenýär, işe ugrukýar. Soň çyzyklary bolsa çyzylyp, onsoň nagşa düşülýär.

— Ilki haýsy reňk salynýar?

— Gyzyllanýar, soň sary, agy ýerine ýetirilýär. Eger nagyşlaryň döwrebap bolsa, ýagny başga reňklerem garylsa, onda gyzyllanandan soň beýleki reňkler ulanylýar.

— Reňkler hem nagyşlar ýaş aýratynlygyna niýetlenýärmi?

— Elbetde, kiçi gyzlar üçin açyk reňklerde, «gülkeşdeler» salynýar. Ýaş gelinler üçin aralyk reňkde «küýzegoçak», «kürtegoçak» salynýar. Başga-da, «çaňňa», «gülýaýdy», «dyrnak», «guşgözi», ýaşuly zenanlar üçin has goýy reňkdäki ýüpekler bilen «tegbent», «dagdan» ýaly nagyşlar salnyp, inçejik ýaka taýýarlanýar.

— Keşde çekýän mataňy oňaýly tutmagyňam düzgüni bardyr?

— Has ökdeleşýänçäň, sag dyzyňy dikläp goýup, mataňy ilgek bilen dyzyň üstünde köýnegiňe çatyp oňaýlap tutmaly bolýar. Şeýle hem nagyşlary ilki çyzyk çyzyp, şonuň ugry boýunça çekmeli bolýar. Halypa bilen şägirdiň tapawudam şonda-da.

— Halypa-şägirdiň işindäki tapawut?

— Keşde çekilýän matanyň hem ýüzünde, hem arkasynda. Ökde keşdeçiniň işi «edil ýylanyň damagyndan çykan ýaly» diýilýän derejede dürs bolýar. Edil şonuň ýaly, arkasam arassa. Çünki uzyn kesilip alnan sapaklar bilen ýerine ýetirilen işiň arkasynda düwün gaty az bolýar.

— Döwrüň nagyşlara täsiri barmy?

— Elbetde, nagyşlara-da, reňklere-de täsiri bar. Häzir Arkadagly Serdarymyzyň baştutanlygynda Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwri dowam edýär. Döwür aklyga beslensin diýen ýagşy niýet bilen, keşdelerde ak köp ulanylyp başlandy. Nagyşlarda döwrüň ösüşiniň dowamlylygyny aňladýan görnüşleri ulanmak ýola goýulýar.

— Şägirtleriňiz bardyr, olaryň üstünligi barada durup geçseňiz!

— Öz uly gyzym Nurana jan, 8-nji synpda okaýar, el işlerine köp ýykgyn edýär. Keşde çeksem, ýanymda höwes bilen öwrenip, özbaşdak dürli nagyşlar salyp, inçe işi ýerine ýetirýär. 57-nji orta mekdebiň mugallymy Göwher Nuryýewa zenanlar guramasynyň bäsleşiklerinde-de çykyş edip, ýeňişli orunlara mynasyp bolýar. Okuwçylarym Çemen Gurbanmyradowa, Maýa Tekäýewa. Bularyň arassa işleýşi doly kanagatlandyrýar.

— Türkmen zenanlarynyň keşdeleriniň tarypy häzirki wagtda tutuş dünýä eşidilýär.

— «Türkmeniň keşdeçilik sungaty» atly hödürnamanyň ÝUNESKO-nyň Sekretariatyna hödürlenmegi we ol boýunça degişli çözgüdiň kabul edilmegine garaşylýandygy bizi — bu inçe sungatyň muşdaklaryny has-da buýsandyrýar. Nesip bolsa, dünýä mirasynyň sanawynda türkmen zenanynyň halallyk häsiýetinden, belent maksatdyr yhlasyndan binýat alan keşdeler mynasyp orun alyp, mertebe mukaddesligimizi öňküden-de beýgelder.

— Okyjylarymyza arzuwlaryňyzy ýetiräýseňiz?

— Her bir zenanyň türkmen diýen adyna ygrarly, edýän el işine werziş bolmagyny, maşgala daragtyny zyba işleri bilen gülledip, durmuşyny gözelleşdirmegini arzuw edýän. Pursatdan peýdalanyp, zenan mertebesini beýgeldýän Arkadagly Serdarymyza tüýs ýürekden hoşallygymy bildirýärin.

 

Söhbetdeş bolan

Mahym AŞYROWA.

Daşoguz habarlary gazeti.

© TÜRKMENISTANYŇ ZENANLAR BIRLEŞIGINIŇ MERKEZI GEŇEŞI zenan.gov.tm 2012-2023      Email: tzb@online.tm