Belent ykrarly Watan

Şeýle buýsançly şygar bilen, golaýda «Daşoguz habarlary» gazetiniň redaksiýasynyň Boldumsaz etrap häkimligi, TDP-niň Boldumsaz etrap komiteti bilen bilelikde guramagynda dabaraly maslahat geçirildi. Hemişelik Bitaraplygymyzyň şanly 27 ýyllyk toýuny ýokary derejede dabaralandyrmaga mynasyp goşant goşmak maksadynda, etrapdaky 33-nji orta mekdebiň mejlisler zalynda geçirilen maslahata bilim, saglygy goraýyş, medeniýet, sport ulgamlarynda zähmet çekýän adamlar, syýasy-jemgyýetçilik guramalaryň hem-de ýaşuly nesliň wekilleri gatnaşdylar.

Birleşen Milletler Guramasy tarapyndan hemişelik Bitaraplyk derejesi iki gezek ykrar edilen Türkmenistan döwletimiziň häzirki wagtda tutuş dünýä ýüzünde abraý-mertebesi artyp, umumadamzat bähbitli tagallalary tüýs ýürekden goldanylýar. Onuň şeýledigi ýurdumyzyň Milletler Bileleşiginiň belent münberinden öňe sürýän ajaýyp başlangyçlarynyň esasynda Kararnamalaryň onlarçasynyň kabul edilmeginiň, dünýäniň syýasy giňişliginde Türkmenistanyň ornunyň pugtalanmagynyň mysallarynda hem aýdyň görünýär. Gahryman Arkadagymyzyň ýurdumyzyň daşary syýasat strategiýasyny işjeň durmuşa geçirmegi bilen Türkmenistanyň ähli ugurlar babatda hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryny saklaýan ýurtlarynyň, guramalaryň sany barha artdy we olar bilen ikitaraplaýyn hem-de köptaraplaýyn durmuşa geçirilen işleriň mazmuny has baýlaşdy. Bu bolsa dünýä jemgyýetçiliginiň Ýer ýüzünde abadan ýaşaýşyny we ösüşini üpjün etmekde uly mümkinçilikleri döretdi. Häzirki wagtda Arkadagly Serdarymyzyň peder ýörelgesine eýerip alyp barýan işleriniň her bir ugurda netijeli häsiýeti aýdyň görünýär. «Halkyň Arkadagly zamanasy» ýylymyzyň tutuş dowamynda sebit hem yklym döwletleri bilen hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlary boýunça gepleşikleriň geçirilip, ylalaşyklaryň gazanylmagy parahatçylyk ýörelgesiniň dowamat-dowam bolýandygyna aýdyň subutnamadyr. Hemişelik Bitaraplygymyzyň şanly senesine barha ýakynlaşdyrýan günlere taryhy ähmiýetlilik eçilen wakalar Türkmenistanyň belent ykrara ygrarlydygyny alamatlandyrýar. Şular dogrusynda TDP-niň etrap komitetiniň başlygy Sapargül Rejepowanyň, Türkmenistanyň Hormatly il ýaşulusy Çäşem Samaýewiň, mährem eneler Kümüş Muhammedowanyň, Şirin Bazarowanyň, TKA-nyň etrap birleşmesiniň başlygy Tekebaý Duşemowyň, etrap çagalar we ýetginjekler sport mekdebiniň tälimçisi Begenç Gurbanowyň, 2-nji orta mekdebiň mugallymy Gülşat Ýollyýewanyň çykyşlarynda giňden bellenip geçildi. Çykyşlaryň dowamynda ýurdumyzy we halkymyzy ösüşiň täze belentlikleri bilen öňe alyp barýan Arkadagly Serdarymyzyň adyna tüýs ýürekden alkyş sözleri aýdyldy.

Maslahata gatnaşanlar mekdebiň girelgesinde baýramçylyk mynasybetli guralan sergä syn etdiler. Sergide Gahryman Arkadagymyzyň baý mazmunly eserleri, çeper elli zenanlaryň milli el işleri, medeni mirasymyzyň gymmatlyklary giňden ýaýbaňlandyryldy. Etrabyň Gurbandurdy bagşy adyndaky çagalar sungat mekdebiniň okuwçylarynyň baky Bitaraplygymyzy, parahatçylygy, abadan hem owadan durmuşymyzy wasp edýän şekillendiriş işleri synlaýanlarda uly täsir galdyrdy we adamlaryň baýramçylyk ruhuny göterdi.

Mahym PIRIÝEWA,
«Daşoguz habarlary».
Surata düşüren Allanur SAPAROW.

© TÜRKMENISTANYŇ ZENANLAR BIRLEŞIGINIŇ MERKEZI GEŇEŞI zenan.gov.tm 2012-2023      Email: tzb@online.tm