Kürtük aşy

Her ýyl güýz gelip, bişen jöwen başlaryna gözüm düşende, ýüz ýaşy arka atan Täzegül daýza ýadyma düşýär. Dört-bäş ýyl mundan öň Saparmyrat Türkmenbaşy etrabynyň ýaşaýjysy Täzegül Amanowanyň döwletli ojagyna bir saý-sebäp bilen myhman bolupdym. Myhman hezzeti hökmünde agaç tabakda saçaga äberilen kürtügiň ýakymly ysy otagyň içine ýaýrady. Bu ýüzi nurana, ak gyňaçly enäniň jöwen unundan taýýarlanylýan milli tagamlar hakynda gürrüň açmagyna sebäp boldy.

— Jöwen unundan taýýarlanylýan tagamlar jana tenekardyr, balam! Kürtükdir zagara iýeniň bedeni kuwwatly bolýandyr. Jöweniň gatybaş, ýasmyk, mäthaýyr ýaly görnüşleri dürli tagamlary taýýarlamak üçin ýaramlydyr. Gyzyl hem-de gara jöwen görnüşleri mal-gara üçin ot-iým hökmünde peýdalanylýar.

Täzegül daýza jöweniň görnüşlerine görä, ekiliş, ideg ediliş aýratynlyklary hakynda uzak gürrüň berdi. Soňra mährem ene, bir zady ýadyna saljak bolýan ýaly, bir salym sözüne dyngy berdi-de:

— Heniz gulpagym örüme ýetmedik gyzjagaz mahalym ejemiň el degirmende jöwen dänelerini üwäp, unundan kürtük, zagara, ýarmasyndan köje bişirip berşi ýadymda. Kürtük asma hem-de jazlama usulynda taýýarlanylýar. Kürtügiň hamyry taýýarlanylanda jöwen ununa biraz bugdaý uny hem goşulýar. Hamyry elde üzülip, gazana atylsa, has tagamly bolýar. Ejemiň bişiren kürtüginiň tagamy heniz hem ýadymda — diýdi.

Il arasynda «Halk — hazyna» diýen ýörgünli aýtgy bar. Men muňa Täzegül daýza bilen söhbetdeş bolanymda anyk göz ýetirdim.

 

Soltan ORAZOWA,

Saparmyrat Türkmenbaşy etrabynyň Ýeňiş geňeşligindäki Nefereoý oba medeniýet öýüniň müdiri, zenanlar guramasynyň işjeň agzasy.

"Daşoguz habarlary" welaýat gazeti.

© TÜRKMENISTANYŇ ZENANLAR BIRLEŞIGINIŇ MERKEZI GEŇEŞI zenan.gov.tm 2012-2023      Email: tzb@online.tm