Gözellik dünýäsi bilen tanyşlyk

Şu gün, ýagny 10-njy dekabrda Merkezi Aziýa ýurtlarynyň zenanlarynyň dialogynyň ýyllyk jemleýji maslahatyny geçirmegiň çäklerinde oňa gatnaşyjylar Türkmen halysynyň milli muzeýine hem baryp gördüler. Foruma gatnaşyjylar haly muzeýine bezeg berýän dürli ölçegdäki we dürli görnüşli halylara syn edip, olaryň döreýiş taryhy, nagyşlary bilen gyzyklandylar. Ene-mamalarymyzyň paýhas eleginde gaýnap, sünnälenen her bir milli mirasymyz nepisligi, gözelligi bilen göreni özüne bendi edýär. Türkmen halylaryny synlanyňda soňsuz gözellikleriň melul ediji dünýäsine seýrana çykan ýaly bolýarsyň. Gözelligi, nepisligi, öwşün atýan reňkleri bilen göreni haýrana goýýan halylarymyzda halkymyzyň ähli ajaýyp häsiýetleri, milli aýratynlyklary jemlenýär. Biz bu dabaraly pursatda Türkmen halysynyň milli muzeýiniň hünärmeni  Gyzylgül Amanowa bilen söhbetdeş bolduk:

-Türkmen halysynyň milli muzeýine gelýän myhmanlar bu gözellikleri synlap doýup bilmeýärler. Olar türkmen halysynyň dokalyş aýratynlygy bilen gyzyklanyp sowal berýärler. Halylarymyzyň şu ajaýyp zamanamyza gelip ýetmeginde ene-mamalarymyzyň öz hünärine bolan yhlasy ýatyr. Türkmen halysy ussat halyçy gelin-gyzlarymyzyň uly höwes we yhlas bilen sünnäläp ýerine ýetiren el işleriniň iň naýbaşysydyr. Bagtly döwrümizde ähli amatlyklary bolan döwrebap haly kärhanalarynda işleýän halyçy zenanlar uly göwrümli, owadan halylary dokap, ýurdumyzyň dokma pudagynyň ösüşine öz goşantlaryny goşýarlar.Halkymyzyň gymmatlyklaryny äleme ýaýmakda nusgalyk işleri bitirýän hormatly Prezidentimiziň janynyň sag, ömrüniň uzak bolmagyny, il-ýurt bähbitli işlerinde elmydama rowaçlyklaryň hemra bolmagyny arzuw edýäris -- diýip, buýsançly gürrüň berdi.

«Zenan kalby».

© TÜRKMENISTANYŇ ZENANLAR BIRLEŞIGINIŇ MERKEZI GEŇEŞI zenan.gov.tm 2012-2023      Email: tzb@online.tm