«ÝURDUMYZYŇ KANUN ÇYKARYJYLYK IŞI DÖWRÜŇ ÖSÜŞLERI BILEN» ATLY MASLAHATY GEÇIRILDI

2023-nji ýylyň 13-nji ýanwarynda, anna güni Türkmenistanyň  Jemgyýetçilik guramalarynyň merkezi binasynda Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli merkeziniň gurnamagynda «Ýurdumyzyň kanun çykaryjylyk işi döwrüň ösüşleri bilen» atly maslahaty  geçirildi.

Ýokary we guramaçylykly derejede geçirilen şu maslahaty Türkmenistanyň Telewideniýe, radiogepleşikler we kinematografiýa baradaky döwlet komitetiniň “Altyn asyr: Türkmenistan” teleýaýlymynyň “Paýhas synagy” bölüminiň müdiri Aknabat Klyçewa alyp bardy. Geçirilen bu maslahatyna Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli merkeziniň hem-de Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň Merkezi Geňeşiniň başlygy Akjemal Durdyýewa, Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň Stomatologiýa okuw ylmy-önümçilik merkeziniň lukmany, lukmançylyk ylymlarynyň kandidaty, Türkmenistanyň Hormatly il ýaşulysy Gurbannazar Ataýew, Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň Raýat hukugy kafedrasynyň dosenti, hukuk ylymlarynyň kandidaty Aşyrgeldi Jumaýew, Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministrliginiň baş hünärmeni Parahat Meretliýew, Türkmenistanyň Medeniýet ministrliginiň garamagyndaky Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň kärdeşler arkalaşygynyň ilkinji guramasynyň başlygy  Täçsoltan Kakajanowa hem-de Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli merkeziniň Kärdeşler arkalaşyklarynyň agzalarynyň durmuş-zähmet hukuklaryny goramak boýunça bölüminiň hukuk gözegçisi Ýunus Muhammedow dagylar gatnaşdylar. Maslahatyň çäklerinde  2023-nji ýylyň 11-nji ýanwarynda Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygy, Gahryman Arkadagymyz, hormatly Gurbanguly Berdimuhamedowyň Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň we Mejlisiniň bilelikdäki geçirilen maslahatynda eden taryhy çykyşy esasynda Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň döredilmegi we oňa giň ygtyýarlyklarynyň, şol sanda Türkmenistanyň Konstitusiýasyny,konstitusion kanunlary kabul etmegiň, olara üýtgetmeleri we goşmaçalary girizmegiň meseleleri boýunça  tekliplere garamaga hem-de makullamaga ygtyýarlygyň berilmegi bilen, Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň işiniň bes edilmegi we kanun çykaryjy häkimiýeti amala aşyrýan wekilçilikli edaranyň bir palatadan ybarat bolan Türkmenistanyň Mejlisine öwrülmegi bilen bagly meseleler, täze dörediljek Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň düzümine:

Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygynyň;

Türkmenistanyň Prezidentiniň;

Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygynyň;

Türkmenistanyň Ýokary kazyýetiniň başlygynyň;

Türkmenistanyň Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň sekretarynyň;

Türkmenistanyň Mejlisiniň deputatlarynyň;

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň agzalarynyň;

Türkmenistanda Adam hukuklary boýunça ygtyýarly wekili bolup durýan Adalatçynyň;

Türkmenistanyň Baş prokurorynyň;

Türkmenistanyň Adalat ministriniň;

welaýatlaryň, etraplaryň we şäherleriň häkimleriniň;

welaýatlaryň, etraplaryň, şäherleriň halk maslahatlarynyň başlyklarynyň;

etraplaryň edara ediş merkezleri bolup durýan şäherleriň hem-de şäherçeleriň arçynlarynyň;

syýasy partiýalaryň, kärdeşler arkalaşyklarynyň we beýleki jemgyýetçilik birleşikleriniň ýolbaşçylarynyň;

welaýatlaryň we Aşgabat şäheriniň halk maslahatlary tarapyndan teklip edilýän jemgyýetçiligiň, şol sanda ýaşulularyň wekilleriniň girizilmegini göz öňünde tutmak, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň ygtyýarlygyna:

1) ýurdumyzyň Konstitusiýasyny we konstitusion kanunlary kabul etmek, olara üýtgetmeleri we goşmaçalary girizmegiň meseleleri boýunça  tekliplere garamak hem-de makullamak;

2) döwletimiziň içeri we daşary syýasatynyň esasy ugurlaryna,ýurdumyzy syýasy, ykdysady, durmuş we medeni taýdan ösdürmegiň maksatnamalaryna seretmek hem-de makullamak;

3) Türkmenistanyň Prezidentiniň her ýylky Ýüzlenmesini diňlemek;

4) parahatçylyk we howpsuzlyk meselelerine  seretmek;

5) Türkmenistanyň kanunlarynda göz öňünde tutulan gaýry ygtyýarlyklary amala aşyrmak degişli etmek, şeýle-de Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň, onuň wezipeli adamlarynyň hem-de agzalarynyň işini guramaçylyk we tehniki taýdan üpjün etmegi Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Diwanynyň amala aşyrmagy, şeýle hem Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Diwanynyň üstüne welaýatlaryň, etraplaryň we şäherleriň halk maslahatlarynyň işine guramaçylyk-usulyýet taýdan ýolbaşçylyk etmek wezipesi ýüklenilse, ýerli halk maslahatlarynyň has netijeli işlemegi üçin amatly boljakdygy barada  hormatly Arkadagymyz belläp geçendigi, mundan başga-da, Türkmenistanyň Konstitusiýasyna (rejelenen görnüşi)- Esasy Kanunyna  üýtgetmeler we goşmaçalar girizmek bilen bagly teklipleri işläp taýýarlamak hem-de umumylaşdyrmak boýunça konstitusion toparynyň Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň degişli karary bilen döredilip, onuň düzümi hem tassyklanandygy, mundan başga-da, Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Karary bilen döredilen konstitusion toparynyň  “Türkmenistanyň Konstitusiýasyna üýtgetmeler we goşmaçalar girizmek hakynda” Türkmenistanyň Konstitusion kanunynyň hem-de “Türkmenistanyň Halk Maslahaty hakynda” Türkmenistanyň Konstitusion kanunynyň taslamalarynyň işläp taýýarlamalydygy hem-de olara garamak we kabul etmek üçin Türkmenistanyň Milli Geňeşleriniň  palatalarynyň jemgyýetçilik wekilleriniň gatnaşmagynda  geçiriljek bilelikdäki maslahatynda bellenen tertipde hödürlemelidigi dogrusynda çykyşlar edildi.

Maslahata gatnaşanlaryň ählisi demokratik, hukuk we dünýewi, Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan döwletimizde konstitusion özgertmeleri geçirilýän Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe her bir adam we her raýat hakynda ýadawsyz aladalary hem-de taýsyz tagallalary edýän Arkadagly Serdarymyza we Gahryman Arkadagymyza  öz hoşallyklaryny beýan edip, köp-köp sagbolsunlaryny aýtdylar.

Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Serdarymyzyň we mähriban Arkadagymyzyň janlarynyň sag, ömürleriniň uzak bolmagyny, konstitusion özgertmeleriň amala aşyrylýan döwründe ähli durmuşa geçirýän taryhy işleriniň rowaç bolmagyny arzuw etdiler.

 

Baýram GURTMYRADOW,                                                                                     

Türkmenistanyň  Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli merkeziniň Maglumat,seljeriş we halkara gatnaşyklary bölüminiň hukuk maslahatçysy.

© TÜRKMENISTANYŇ ZENANLAR BIRLEŞIGINIŇ MERKEZI GEŇEŞI zenan.gov.tm 2012-2023      Email: tzb@online.tm