HALKYŇ BÄHBIDINI NAZARLAÝAN BAŞLANGYÇLAR

Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň palatalarynyň 11-nji ýanwarda geçirilen bilelikdäki maslahatynda Gahryman Arkadagymyz türkmen halkynyň döwleti dolandyrmagyň asyrlaryň synagyndan geçen demokratik däplerinden, durmuş ýörelgelerinden ugur alyp, kanun çykaryjy häkimiýetiň düzümlerini kämilleşdirmek bilen bagly möhüm başlangyçlary öňe sürdi. Gürrüň halk häkimiýetiniň ýokary wekilçilikli edarasyny, ýagny Türkmenistanyň Halk Maslahatyny döretmek hakynda barýar. Munuň özi häzirki döwrüň talaplaryndan ugur almak bilen, ýurdumyzyň ösüşli ýolunyň kanunçylyk esaslaryny pugtalandyrmaga, raýatlaryň hukuklarynyň we azatlyklarynyň goraglylygynyň has ygtybarly bolmagyna gönükdirilendir. Şeýle hem bu başlangyjyň durmuşa geçirilmegi türkmen jemgyýetiniň ähli gatlaklarynyň bähbitlerine wekilçilik etmäge, ýerlerde halk wekilleri bilen has ýakyn gatnaşyklary ýola goýmaga mümkinçilik döreder, kanunlaryň ýerine ýetirilişine gözegçiligi güýçlendirmäge itergi berer.

Gahryman Arkadagymyzyň il bähbitli meseleler çözülende, türkmen halkynyň maslahata ýa-da geňeşe ýygnanyşyp ykbal kesgitleýji çözgütleri kabul edendikleri baradaky aýdanlary we milli ýörelgeleridir häzirki zaman tejribelerini sazlaşdyryp, döwlet häkimiýetiniň wekilçilikli kanun çykaryjy edarasynyň işini döwrebaplaşdyrmak barada öňe süren başlangyjy öňde täze wezipeleri goýýar. Şunuň bilen baglylykda, Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe döwlet häkimiýet edaralarynyň ulgamyny has-da kämilleşdirmek, döwrüň talaplaryna laýyk getirmek, Türkmenistanyň Konstitusiýasyna — Esasy Kanunyna üýtgetmeler we goşmaçalar girizmek boýunça teklipleri işläp taýýarlamak we umumylaşdyrmak maksady bilen, Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Karary esasynda degişli konstitusion toparyň döredilmegi, onuň düzüminiň tassyklanylmagy işleriň ýokary guramaçylykly alnyp barylmagyna şert döretdi. Konstitusion toparyň ýanynda Türkmenistanyň Konstitusiýasyna üýtgetmeler girizmek boýunça gelip gowşan teklipleri öwrenmek hem-de umumylaşdyrmak barada iş topary hem döredildi.

Türkmenistanyň Konstitusiýasyna giriziljek üýtgetmeler we goşmaçalar kanun çykaryjylygyň esasy çeşmesi bolmak bilen, olar dürli ulgamlarda hereket edýän kanunlaryň kämilleşdirilmeginde we döwrebaplaşdyrylmagynda esasy orny eýelär. Bu üýtgetmeler we goşmaçalar Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň ygtybarly hukuk binýady bolmak bilen, Bitarap Watanymyzyň abraýyny has-da artdyrar hem-de pugtalandyrar. Şonuň netijesinde demokratik özgertmeleriň ýurdumyzyň ykdysady kuwwatyny düýpli ýokarlandyrjakdygy, jemgyýetimizi jebisleşdirjekdigi, raýatlarymyza has bolelin, eşretli durmuşda ýaşamak üçin giň ýollary açjakdygy bilen bagly wagyz-nesihat işleri geçirilýär.

Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň, syýasy partiýalaryňdyr jemgyýetçilik birleşikleriniň bilelikde geçiriljek duşuşyklarynyň, çäreleriniň meýilnamasyna laýyklykda şu günler alnyp barylýan işlere Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli merkeziniň, Zenanlar birleşiginiň

Merkezi geňeşiniň wekilleri hem işjeň gatnaşýarlar. Ilat arasynda geçirilýän duşuşyklarda Gahryman Arkadagymyzyň bilelikdäki maslahatda eden taryhy çykyşynyň ähmiýeti, öňde duran möhüm wezipeler barada düşündiriş işleri geçirilýär, pikir alşylýar. Şeýle hem ýerli wekilçilikli edaralar, syýasy partiýalardyr jemgyýetçilik birleşikleri Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň palatalarynyň bilelikdäki maslahatyna gatnaşmagy teklip edilýän jemgyýetçilik wekillerini hödürleýärler.

Ilat arasynda geçirilýän duşuşyklardan görnüşi ýaly, milli Liderimiziň döwletimiziň Esasy Kanunyny kämilleşdirmek hem-de Türkmenistanyň Halk Maslahatyny döretmek baradaky teklibi halkymyzyň gyzgyn goldawyna eýe boldy. Çünki ýurdumyzyň raýatlary Gahryman Arkadagymyzyň döredijilikli başlangyçlarynyň, durmuşa geçirýän işleriniň, öňdengörüjilikli tutumlarynyň her biriniň täze taryhy döwrüň rowaçlygy bilen baglydygyna, ýurdumyzyň häzirki we geljekki ösüşiniň esasy ugurlaryny, zamananyň öňe çykarýan talaplaryny nazarlaýandygyna durmuş hakykatynda anyk göz ýetirýärler.

Biz Esasy Kanunymyzyň kadalarynda türkmen halkynyň bäş müň ýyllyk taryhyndan gözbaş alyp gaýdýan milli däp-dessurlaryny, adatlaryny we durmuş ýörelgelerini özünde jemleýän demokratik, hukuk we dünýewi döwletiň häzirki zaman nusgasynyň öz beýanyny tapýandygynyň şaýady bolýarys. Gahryman Arkadagymyzyň “Döwlet adam üçindir!”, Arkadagly Serdarymyzyň “Watan diňe halky bilen Watandyr! Döwlet diňe halky bilen döwletdir!” diýen ýörelgeleri esasynda amala aşyrylýan täze özgertmeler adamy döwletiň we jemgyýetiň iň ýokary gymmatlygy hökmünde ykrar edýän konstitusion kadany mundan beýläk-de üstünlikli amal etmäge mümkinçilik berer.

 

Akjemal DURDYÝEWA,

Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli merkeziniň, Zenanlar birleşiginiň Merkezi geňeşiniň başlygy.

“Türkmenistan” gazeti.

© TÜRKMENISTANYŇ ZENANLAR BIRLEŞIGINIŇ MERKEZI GEŇEŞI zenan.gov.tm 2012-2023      Email: tzb@online.tm