Güller kibi lowurdaýan keşdeler

«Halkyň Arkadagly zamanasy» ýylynda taryha altyn harplar bilen ýazylan şanly wakalaryň biri hem türkmen keşdeçilik sungatynyň ÝUNESKO-nyň Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna girizilmegidir. Gahryman Arkadagymyzyň öz eserlerinde hem giňden beýan edişi ýaly, bu sungat sünnäligi bilen nesilden-nesle geçip, mynasyp dowam etdirilýär. Şeýle çeper elli zenanlaryň biri hem paýtagtymyzdaky Metbugat öýi toplumynyň işgäri Gunça Ataýewadyr.

Beýleki türkmen gyzlarynda bolşy ýaly, Gunça hem on dört ýaşyndan keşde çekmek bilen meşgullanyp başlaýar. Öýlerinde el işleriniň ussady bolan ejesi Oguljahan Kulyýewadan el işiniň dürli görnüşlerini öwrenýär. Ýöne keşde sungaty ony aýratyn özüne çekýär. Şonuň üçin ilki akgaýmany, gültahýalary keşdelemekden başlaýar. Ejesiniň eli çeperligi ýaly, enesi hem öz döwründe gaýratly, ezber, işeňňir dokmaçy zenanlaryň biri bolupdyr. Onuň ik egrip, darak darap oturan keşbi bolsa öýüň beýleki gyzlary bilen birlikde Gunça üçinem uly nusga bolupdy. Eli çeper Oguljahan gelneje işeňňirligi üçinem gaýynenesine aýratyn hormat goýupdyr. Eneleri Ogulşeker ejäniň gelinleriniň dördüsem çeper elli zenanlardan bolup, maşgaladaky gyzlaryň hem eli hünärli bolmaklaryna öz täsirlerini ýetiripdirler. Türkmen maşgalasynyň esasy aýratynlygy agzybirliginde. Döwletli diýilýän şol maşgalalaryň esasy sütüni halal zähmetdedir. Zenanlaryň el işleriniň döredýän mähir, bahar dünýäsi, keşdeçilik sungaty şol agzybirligi has hem berkidýär.

Gunçanyň käbesi Oguljahan eje hem el işlerini ejesinden öwrenipdir. Soňra gaýyn öýünde öz el sungatyny has-da kämilleşdiripdir. Şonuň netijesinde bu gün mährem enäniň gyzlarynyň bäşisi hem, agtyklary hem güller kibi lowurdaýan keşde sungatynyň dünýäsinde ýaşaýar.

Her keşdeçi zenanyň kämilligini görkezýän aýratynlyklary bolýar. Gunça Ataýewanyň bu ugurdaky ezberligine onuň bejerýän keşdeli gyňaçlarynyň üsti bilen has ýakyndan göz ýetirmek bolýar. Bu gyňaçlaryň esasy tapawudy, ähli ýerine durşuna keşde edilýär. Çaňňanyň ulurak görnüşi, goçaklar ýaly dürli keşdeler bilen bezelen, ýerligi keteniden edilýän bu döwrebap lybas zenanlara diýseň gowy gelişýär. Gunça şeýle keşdeli gyňaçlary taýýarlamak üçin 40 gün çemesi wagt gerekdigini aýdýar. Reňki solmaýan keteniniň ýüzüne solmaýan reňkler bilen sünnälenip çekilen keşdeli gyňaçlar hiç bir zenany hem biparh goýmaýar. Munuň hikmeti özünde. Mähir, yhlas siňdirilip ýerine ýetirilýän şeýle işler keşdeçi zenandan ünslüligi, sabyrlylygy, basa oturyp işlemegi talap edýär. Bu hakda keşdeçi zenanyň özünden eşitmek has hem ýakymly.

— Keşde çekmek zenana üýtgeşik güýç-gaýrat berýär. Keşde edeniňde öýüň işlerine hem doly ýetişýärsiň. Ol ähli aladaňy unutdyrýar. Dört sagada golaý keşde çekip oturan wagtyň nähili geçenini bilmän galýarsyň. «Indi sarysyny etsem, ýene-de agyna ýetsem» diýip şol haýdap gidip oturyşyňa, üýtgeşik bir gülzarlygy döredeniňi özüňem duýman galýarsyň. Keşdesiz durmuşy göz öňüne getirip bilmeýänim şondan bolsa gerek. Zenan ýeňsizleriniň keşdeleri, köýnekleriniň ýakalaryny bejermek bilen hem meşgullanýaryn. Keşde sungaty — üýtgeşik dünýä. Agzybirlik sungaty diýesiň gelýär oňa. Gyzlarymyzyň toý bukjalaryny hem özli-özümiz bolup, alyp çykýarys. Gökdepe etrabynyň Gökdepe obasynda ýaşaýan 74 ýaşly ejem şu günlerem boş oturanok. Haçan görseň, gözüne äýnegini dakynyp, jorap örüp oturandyr. Diýjek bolýan zadym, keşde sungatynyň jan saglygyňa, ömrüň uzalmagyna hem täsiri uly. Menem öňler gülli jorap örerdim, basma basardym. Kürte-de bejerip gördüm. Uly aýal doganlarym hem el işlerini elden goýanoklar. Döwletimiz tarapyndan edilýän tagallalar netijesinde milli keşdeçilik sungatynyň dünýä gymmatlygyna öwrülmegi bizi örän buýsandyrýar — diýip, keşdeçi zenan Gunça Ataýewa aýdýar.

Eneler öz perzentlerini arzylap, Gül, Gunça ýaly owadan atlary dakýarlar. Olara el hünärlerini öwredip, egsilmez sogabyň eýesi bolýarlar. Eli çeper şeýle gelin-gyzlar öz bagtyny, belent mertebesini gül keşdelerde sünnäläp, hiç wagt öçmejek nepis sungaty döredýärler. Bize bolsa olara «Elleriňize, ömrüňize güller bitsin!» diýäýmek galýar.

 

Aýjemal OMAROWA.

«Türkmenistan».

© TÜRKMENISTANYŇ ZENANLAR BIRLEŞIGINIŇ MERKEZI GEŇEŞI zenan.gov.tm 2012-2023      Email: tzb@online.tm