Möhüm başlangyç giňden goldanylýar

Ýurdumyzyň ähli künjeginde Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýolbaşçylygynda geçirilen Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň we Mejlisiniň bilelikdäki maslahatyndan gelip çykýan wezipeleri, şeýle-de 21-nji ýanwarda jemgyýetçilik wekilleriniň gatnaşmagynda geçiriljek Milli Geňeşiň palatalarynyň bilelikdäki maslahatynyň ähmiýetini halk köpçüliginiň arasynda wagyz-nesihat etmek boýunça giň gerimli işlere badalga berildi. Şunuň bilen baglylykda, welaýatlarda, etrapdyr şäherlerde, edara-kärhanalarda, guramalarda wagyz-nesihat duşuşyklarydyr maslahatlar, «tegelek stoluň» başyndaky söhbetdeşlikler geçirilýär.

Ahal welaýat häkimliginiň ýörite meýilnamasyna laýyklykda, Ak bugdaý etrabynyň medeniýet öýünde, Nowruz ýaýlasyndaky «Türkmeniň ak öýi» binasynda, Kaka dokma toplumynda geçirilen wagyz-nesihat duşuşyklarynda hem Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň we Mejlisiniň bilelikdäki maslahatynda öňe sürlen teklipleriň taryhy ähmiýeti dogrusynda gürrüň edildi. Çykyş edenler Gahryman Arkadagymyzyň halk häkimiýetiniň ýokary wekilçilikli edarasyny — Türkmenistanyň Halk Maslahatyny döretmek we kanun çykaryjy häkimiýeti amala aşyrýan wekilçilikli edarany bir palatadan ybarat bolan Türkmenistanyň Mejlisine öwürmek babatdaky teklibiniň ildeşlerimiziň gyzgyn goldawyna eýe bolýandygyny bellediler.

Duşuşyklarda hormatly Prezidentimiziň Permanyna laýyklykda, 21-nji ýanwarda jemgyýetçilik wekilleriniň gatnaşmagynda geçiriljek Milli Geňeşiň palatalarynyň bilelikdäki maslahatyna taýýarlyk görmek we ony guramaçylykly geçirmek boýunça welaýatda alnyp barylýan işlere hem üns çekildi. Nygtalyşy ýaly, şu günler sebitde öňde boljak maslahatyň guramaçylyk işlerine jogapkärçilikli çemeleşilýär, oňa gatnaşjak wekilleriň sanawy düzülýär, ilat arasynda wagyz-nesihat çärelerine aýratyn ähmiýet berilýär.

* * *

Türkmenistanyň Halk Maslahatyny döretmek bilen bagly taryhy başlangyç ýurdumyzyň demirgazyk sebitiniň ýaşaýjylarynyň arasynda-da giň seslenmä eýe boldy. Daşoguz welaýat, şäher häkimlikleriniň, Zenanlar guramasynyň, Baş bilim müdirliginiň, Ýaşlar guramasynyň bilelikde guran maslahatynda çykyş edenler Milli Geňeşiň palatalarynyň bilelikdäki maslahatynda Gahryman Arkadagymyz tarapyndan öňe sürlen teklipleriň demokratik özgertmeleriň täze tapgyrynyň badalgasy bolmak bilen, Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe türkmen halkynyň döwleti dolandyrmakda toplan köpasyrlyk tejribesine daýanylýandygyny, jemgyýetiň agzybirligini, jebisligini berkitmek, milli demokratiýany ösdürmek boýunça gazanylan üstünlikleriň döredijilikli dowam etdirilýändigini alamatlandyrýandygyny aýratyn nygtadylar. «Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynda giň jemgyýetçiligiň goldamagy esasynda halkyň bähbidine wekilçilik edýän Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň täzeden döredilmegi döwre mynasyp watansöýüji, zähmetsöýer ýaşlary terbiýelemekde, halk demokratiýasyny mundan beýläk-de dabaralandyrmakda, jemgyýetimizi has-da jebisleşdirmekde, halkymyzyň agzybirligini berkitmekde uly ähmiýete eýedir» diýlip, çykyşlarda bellenildi.

Daşoguz şäherindäki Türkmen oba hojalyk institutynda, Magtymguly Garlyýew adyndaky ýörite sungat mekdebinde, mugallymçylyk, lukmançylyk, maliýe-ykdysady we agrosenagat orta hünär okuw mekdeplerinde geçirilen maslahatlarda-da türkmen jemgyýetini sazlaşykly ösdürmäge ýardam berjek taryhy başlangyçlaryň ähli halkymyz tarapyndan doly goldanylýandygyna üns çekildi. Maslahatlarda çykyş edenler demokratik özgertmeleriň täze tapgyrynyň «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy: Türkmenistany 2022 — 2052-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Milli maksatnamasynda» göz öňünde tutulan anyk wezipeleriň hukuk binýadyny has-da berkitjekdigine ynam bildirýändiklerini tassyklap, Diýarymyzy ösüşleriň täze belentliklerine tarap alyp barýan Arkadagly Serdarymyza hem-de Gahryman Arkadagymyza tüýs ýürekden çykýan alkyşlaryny beýan etdiler.

 

(Öz habarçylarymyz).

"Türkmenistan" gazeti.

© TÜRKMENISTANYŇ ZENANLAR BIRLEŞIGINIŇ MERKEZI GEŇEŞI zenan.gov.tm 2012-2023      Email: tzb@online.tm