Palas dokmaçylygy

Türkmen halkynyň amaly-haşam sungaty köp görnüşliligi bilen tapawutlanýar. Dokma sungatynyň ýene bir görnüşi kilim we palas dokmaçylygydyr. Ol dokmaçylygyň sada hem gadymy görnüşidir. Kilim kakmak, öýdäp nagyş salyp, palas dokamak däbi ýurdumyzyň ähli künjeklerinde giňden ýaýrandyr. Palaslar hem, halylar ýaly, esasan, düşek hökmünde ulanylýar. Türkmenistanyň çäklerinde ýüňden we beýleki ýüplüklerden dokalan kilimiň halydan tapawudy — ýüz tarapynyň çitimsiz, tekiz we gaty bolmagy hem-de üýtgeşik nagyşlar bilen bezelmegidir.

Palaslar iki usulda, ýagny öýdeme we kakma usullarynda dokalýar. Palas we kilim dokalanda, ilki bilen, öýdelip nagyş salynýar, erşiň içinden geçen argaç bolsa nagşy emele getirýär. Şeýlelikde, palasyň ýüzi güberçek (relýef) görnüşde bolýar. Dokalyp duran ýagdaýynda düzüw ýüzi aşakda bolýar. Şonuň üçin hem ony dokamak uly ussatlygy talap edýär. Tekiz, ýagny nagyşsyz dokalan palas önümlerine “kakylyp dokalan kilim” hem diýilýär.

Türkmenistanda kilim-palas usulynda dokalan önümleriň birnäçe görnüşi bar. Olar sallançak kilimi, ojakbaşy, «sep» palas, palas torba, un çuwaly, ikselik, uk ujy, horjun, namazlyk ýaly hojalyk üçin niýetlenen önümlerdir. Edil halyda we keçede bolşy ýaly, palasdyr kilimiň hem özüne mahsus nagyşlary bolýar. Gülpalas haly we palas dokamakda giňden ulanylýan ajaýyp kompozisiýaly nagyşlaryň biridir. Türkmen dokmaçylygynyň bu görnüşiniň mysaly hökmünde Lebap welaýatynda dokalýan kilimleri görkezmek bolar. Halylara salynýan nagyşlar ýaly, palaslara salynýan nagyşlar hem öz aýratynlyklary bilen tapawutlanýar. Nagyşlar, köplenç, geometrik häsiýetli görnüşde bolýar. Lebapda dokalýan kilimiň biri hem «gyýdyrşa» nagyşly ärsary kilimidir. Bu nagyşly kilim dokalanda iç we daş tarapyndan gyýylýandygy sebäpli, ol şeýle atlandyrylýar. Balkan welaýatynda öýdümli «sep» palaslara örän owadan «bossany», «goçbuýnuz» nagyşlary salynýar. Palas merkezindäki nagşa görä atlandyrylýar. Şeýle nagyşly palaslar Lebap welaýatynyň Hojambaz, Kerki, Döwletli, Saýat etrabynyň dokmaçylary tarapyndan hem ussatlyk bilen dokalýar.

Gülpalas — «bossany», «buýnuzly», «gülýaýdy» ýaly nagyşlar bilen bezelýär. Bu palaslaryň merkezinde «goçak» we «gazaýak» nagyşlary dokalypdyr. «Goçak», «goçbuýnuz» nagyşlary belent mertebäni aňladypdyr. «Gülýaýdy» nagşy haly we palas düşekleri bilen birlikde torba, çuwallaryň gyrasyna salynýan nagyşdyr. Bu nagyş halk arasynda keşde hökmünde meşhur bolup, zenan köýnekleriniň ýakalaryna, erkek adamlaryň tahýalaryna keşdelenýär. «Gülýaýdy» nagşyny ilkinji bolup halaçly halyçylar hala we palaslara saldylar. Bu nagşy köpelgiçligiň alamaty hökmünde çaga eşiklerine, tahýalaryna, topbularyna salmak ýörgünli bolupdyr. «Gülýaýdy» nagşy salnan namazlyklar, köplenç, Ahal we Mary welaýatlarynda duş gelýär. Gyra salynýan ownuk nagyşlaryň ýene biri «burma çigin» nagşydyr. Ol palasyň iň gyrasyna salnyp, onuň manysy göz-dilden goraglylyk bilen baglanyşdyrylypdyr. Aýdylyşyna görä, «Görüp bilmedik görip duşmanlaryň boýny burlup, ýoly beklensin, çigilsin!» diýlip, bu nagyş palasyň gyrasyna salnypdyr.

Palas-kilimler owadanlygydyr berkligi bilen tapawutlanyp, öýi sowukdan we yssydan goraýjy hökmünde hem hyzmat edipdir. Öýüň törüni bezeýän uly ölçegli gülpalaslaryň üstünden haly, keçe düşäpdirler. Türkmen palaslaryna we kilimlere onlarça nagyşlar salnyp, olaryň her biri gündelik durmuşda ähmiýetli bolan zatlary saklamak wezipesini ýerine ýetirip gelipdir. Palas dokmaçylygynyň nagyşlarynyň üsti bilen halkymyzyň milli däp-dessurlaryny, yrym-ynançlaryny öwrenmek mümkin. Aýratyn ussatlygy talap edýän palas dokmaçylygy türkmen sungatynyň kämil çeperçilik nusgalarydyr.

Dokma önümleri bolan çuwaldyr horjunlar hem-de torbalar öýdelip we kakylyp dokalypdyr. Kakma usulynda dokalan çuwallar, torbalar egin-eşik, gap-gaçlary hem-de azyk harytlaryny, dänäni, uny, kakadylan miweleri saklamak üçin niýetlenipdir. Kakma önümleriniň inçeligine, nepisligine hem-de syklygyna ýokary baha berlipdir. Häzirki döwürde ene-mamalarymyzyň asylly däplerini dowam etdirýän eli çeper zenanlarymyz öz ussatlyklary bilen türkmen amaly-haşam sungatyny has-da baýlaşdyrýarlar. Ýurdumyzda geçirilýän baýramçylyklara, şanly senelere bagyşlanyp guralýan sergilerde özboluşly, täsin, owadan nagyşly türkmen halylarydyr keçeler, palaslar görkezilýär. Bu bolsa milli mirasymyza bolan hormaty hem-de söýgini has-da artdyrýar.

 

Ogulgerek AGAJANOWA,

Lebap welaýatynyň Taryhy we ülkäni öwreniş muzeýiniň uly ylmy işgäri, sungaty öwreniji.

"Türkmenistan" gazeti.

© TÜRKMENISTANYŇ ZENANLAR BIRLEŞIGINIŇ MERKEZI GEŇEŞI zenan.gov.tm 2012-2023      Email: tzb@online.tm