On barmagynyň hünäri bilen adygan

Halkymyzyň medeni mirasy özüniň köpöwüşginliligi bilen tapawutlanýar. Göreniňde gözüňi gamaşdyrýan gözellikleriň ençemesi mährem zenanlarymyzyň, gelin-gyzlarymyzyň zehininden, yhlasly zähmetinden kemala gelýär. Şeýle gözellikleri özünde jemleýän türkmeniň keşdeçilik sungaty eziz halkymyzyň bahasyna ýetip bolmajak milli gymmatlyklary hökmünde arzylanýar. Häzirki döwürde milli lybaslarymyzyň, kürtedir çabytlarymyzyň keşdeler bilen sünnälenip nagyşlanyşyny synlanyňda, ene-mamalarymyzyň «iňňe bilen guýy gazan ýaly» diýen aýtgysynyň asyl manysyna düşünmek bolýar. Türkmen zenanlaryna mahsus näziklik, mähirlilik, gözellik, asyllylyk ýaly ajaýyp häsiýetleriň ählisi bu sungatda jemlenendir.

El işlerine ussat gelin-gyzlarymyz keşdeçiligi sungat derejesine ýetiripdirler. Inçeligi, nepisligi hem-de her bir nagşyň bir-birinden zyýadalygy bilen tapawutlanýan bu sungaty ömrüniň ýoldaşy edinen Kiçigyz Ataýewa hem on barmagyndan dür dökülýän zenanlaryň biridir. Onuň agzybir maşgalasyny Gökdepe etrabynda tanamaýan juda az bolsa gerek. Ol özüniň naýbaşy keşde işleri bilen diňe welaýatymyzda däl, eýsem, gözel paýtagtymyz Aşgabatda-da meşhurdyr. Kiçigyz gelnejäniň gaýan toý çabytlarydyr kürtelerini köpöwüşginli sapaklar bilen nepis bejerilişinden tanabermeli. 5 gyzyň we 2 ogluň ejesi, 24 agtygyň hem-de 10 sany çowlugyň enesi, döwletli maşgalanyň keýwanysy, sekizinji onlukdan gädip ugran ezber elli Kiçigyz ene bilen ýakyndan tanyşmak bizi diýseň begendirdi.

Ussat gaýmaçy Kiçigyz enäniň kürtä salan nagyşlary işine ökde suratkeşiň reňkleri dogry saýlap, çeken owadan suratyny ýadyňa salýar. Nagyşlaryň tekizligini, aralarynyň syklygyny bir söz bilen beýan eder ýaly däl.

— Bu bejerilen işiň nepisligine söz ýok. Siz bu sungatyň hakyky ussady. Keşdeçiligi size öwreden ilkinji halypaňyz kim?

— Siz-ä meni çagalyk ýyllarymdaky ýatlamalara äkitjek. Söhbedimiziň uzaga çekmegi hem ähtimal, gel gowusy, ony çaý başynda dowam etdireli — diýdi-de, Kiçigyz ene giň otagyň töründe ýazylan desterhana geçmegimizi mürähet edip, gürrüňini dowam etdi.

— Meniň atam öýüm Gökdepe etrabynyň Körsagyr obasynda ýerleşýärdi. Sekiz doganyň iň ulusy mendim. Çagalygymdan gözümiň göreni ejemiň el işleri bolardy. Kolhoz işinden gelip, ejem mydama barmagyna ýüwsesini geýip, ýa ýakanyň pugtamasyny bejererdi, ýa-da gyzlaryň tahýasyny keşdelärdi. Ejeme obada Ene keşdeçi, kakama Gurbangylyç kärizçi diýerdiler. Biziň çagalyk ýyllarymyzda kranyň towuny towlanyňda pagşyldap akýan suw barmy näme, onsoň obada guýy gazardylar. Gündelik ulanyljak suw guýudan çekilip alnardy. Kakam hem şeýle guýularyň birnäçesini gazmaga gatnaşan adamdy.

Şu günki ýaly ýadymda, bolsam 7-8 ýaşlaryndaky gyzdyryn. Ejem meniň üçin tikiljek täze köýnegiň ýakasyny pugtalap otyrdy. Goňşymyz geldi-de: «Ene, obanyň ýabyna kärizden suw goýberdiler, bedreleriňi al, suw almaga gideli» diýdi. Ejem hem edip oturan işini goýdy-da, maňa: «Elläýmegin, bir ýeriňe iňňäni çümdürip, awunarsyň» diýip, gaýta-gaýta tabşyrdy. Ýöne çaga bilesigelijiligidir-dä, olar suw alyp gelýänçä, ejemiň yzyndan gaýtalap, ep-eslije ýerini pugtapdyryn. Ejem gelip eden harsal işimi gördi-de, boljak iş bolansoň, gatyrganyp, käýäp hem durmady. Şeýlelikde şol ýaka salan pugtamam meniň ilkinji işim boldy. Şondan soň ejem elimden iňňäni düşürmejegime gözi ýetendir-dä, gyzjagazlaryň başlaryna geýýän gültahýasyny biçip berdi. Goňşymyz Bibijemal gelnejeden hem tahýanyň aşak etegine jähek çalmagy özleşdirdim, şeýdip-şeýdip iýjek çöregimizi on barmagymyzyň işi bilen gazanmagy-da öwrendik.

Çagalyk, ýetginjeklik ýyllarymyzda obada öýlerde haly dokalardy. Keşdeçiligiň gapdaly bilen halyçylygam ýanymyzdan aýyrmadyk. 1969-njy ýylda durmuşa çykyp, ýanýoldaşym Kakabaý bilen etrap merkezinden mellek ýer alyp, göçüp geldik. Şondan bäri hem şu ýerde ýaşaýarys. Durmuş guranymdan soň hem etrap halyçylyk kärhanasynyň öý dokmaçysy bolup kän ýyllar işledim. Halynyň gapdaly bilen keşde etmegi-de ýanymdan aýyrmadym. 2019-njy ýylda nesibäm çekip, mukaddes Käbä zyýarata gidip geldim.

Gyzlaryma hem öz el hünärimi öwretdim. Olaryň hem edýän işleri bir-birinden gözel, inçeden nepis. Ene-mamalarymyzdan miras galan keşdeçilik sungatyny iki gelnime-de öwretdim. Pederlerimiziň «Dogdugymdan düşdügim» diýen gyzyla gaplaýmaly aýtgysy bar, ynha, iki gelnim hem, tüweleme, keşdeçiligi bize gelip öwrendiler diýsem, öte geçdigim bolmaz, häzir olar diýseň ökdelediler. Indi gelinler diňe bir keşde däl, eýsem, basma nagyşlaryny-da bejerýärler. Ýyl geldigiçe, gyz-gelinlerimiz gadymy nusgalaryň täze öwüşgine girizilen görnüşlerini geýmegi däbe öwürdiler. Ynha, onsoň şolar ýaly geýimlere islegi bolan gelin-gyzlarymyzyň, müşderilerimiziň arzuwlaryny el işlerimiz bilen kanagatlandyrmak biziň paýymyza düşýär.

Milli däp-dessurlarymyzyň täzeden dikeldilmeginde taýsyz tagallalary eden Gahryman Arkadagymyza hem-de Arkadagly Serdarymyza hoşallygymyz çäksizdir. Bu gün türkmen gyz-gelinleri göwün islän hünäriniň eýesi bolup bilýär. Türkmen gyz-gelinlerine okamaga, öwrenmäge, döretmäge halkara we dünýä derejesinde ähli mümkinçilikleri döredýän Gahryman Arkadagymyzyň hem-de hormatly Prezidentimiziň janlary sag, ömürleri uzak, belent başlary aman bolsun!

— Beren täsirli gürrüňleriňiz üçin sag boluň! Geljekde-de ýeňil bolmadyk, asylly işiňizde üstünlikler ýar bolsun!

 

Söhbetdeş bolan Laçyn SAMMAKOWA,

žurnalist.

"Ahal durmuşy" welaýat gazeti​.

© TÜRKMENISTANYŇ ZENANLAR BIRLEŞIGINIŇ MERKEZI GEŇEŞI zenan.gov.tm 2012-2023      Email: tzb@online.tm