Kämil kanun jemgyýetiň ygtybarly daýanjy

Gahryman Arkadagymyzyň Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynyň 11-nji ýanwarynda Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň we Mejlisiniň bilelikdäki maslahatynda eden taryhy çykyşy, onda öňe süren teklipleri dogrusynda ilat arasynda wagyz-nesihat çäreleri giň gerimde geçirilýär. Beki Seýtäkow adyndaky mugallymçylyk mekdebinde Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň Daşoguz welaýat bölüminiň guramagynda geçirilen wagyz-nesihat çäresine zenanlar guramasynyň işjeň agzalary, mährem eneler, talyp gyzlar gatnaşdylar.

Wagyz-nesihat çäresinde Daşoguz welaýat häkimliginiň baş hünärmeni, TZB-niň welaýat bölüminiň kätibi Leýla Akbaýewa, welaýat saglygy dikeldiş okuw-terbiýeçilik toplumynyň direktory, Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Mejlisiniň deputaty Bahar Piriýewa, “Daşoguz habarlary” gazetiniň baş redaktory Aýbölek Nurtaýewa, TAP-nyň Daşoguz şäher komitetiniň esasy hünärmeni Gurbangül Baýramdurdyýewa, Daşoguz şäherindäki daşary ýurt dillerine ýöriteleşdirilen 25-nji orta mekdebiň mugallymy Merjen Saparowa, Beki Seýtäkow adyndaky mugallymçylyk mekdebiniň 3-nji ýyl talyby Bossan Kakajanowa dagy çykyş edip, halkymyzyň köpasyrlyk däpleriniň, ata-babalarymyzyň döwletli ýörelgeleriniň Arkadagly Serdarymyzyň baştutanlygynda üstünlikli dowam etdirilýändigini buýsanç bilen bellediler. Şeýle hem wagyz-nesihat çäresine gatnaşyjylar ýurdumyzyň beýik geljegi, halkymyzyň baky bagtyýar durmuşy, gülden görkli eziz Diýarymyzda zenanlarymyza döredilýän giň mümkinçilikler üçin Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Serdarymyza alkyş sözlerini beýan etdiler.

***

Şeýle mazmundaky wagyz-nesihat çäresi TKA-nyň welaýat birleşmesiniň guramagynda hem geçirildi. Wagyz-nesihat çäresine dürli ulgamlarda zähmet çekýän KA-nyň işjeň agzalary gatnaşdylar. TKA-nyň welaýat birleşmesinde geçirilen wagyz-nesihat çäresinde çykyş edenler halk häkimiýetiniň dabaralanýan döwründe Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň döredilmeginiň ähmiýeti barada durup geçdiler. Şeýle hem wagyz-nesihat çäresinde çykyş edenler döwlet durmuşynyň ähli ugurlarynda gazanylýan üstünlikler, ýetilýän belent sepgitler barada buýsanç bilen bellediler. Uzak geljegi nazarlaýan bu taryhy özgertmeler milli demokratiýanyň kämilleşdirilmegine uly itergi berjekdigi hakynda  wagyz-nesihat çäresinde çykyş edenler nygtadylar. Şeýle hem bu çärede döwletli döwrany halkymyza bagyş eden Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Serdarymyzyň janynyň sag, ömrüniň uzak bolmagy arzuw edildi.

***

“Daşoguz” şypahanasynyň mejlisler zalynda geçirilen wagyz-nesihat çäresi hem Gahryman Arkadagymyzyň öňe süren taryhy başlangyjy bilen bagly boldy. Oňa saglygy goraýyş işgärleri, jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri gatnaşdylar. Welaýatyň jemgyýetçilik guramalarynyň bilelikde guramagynda geçirilen wagyz-nesihat çäresinde çykyş edenler Arkadagly Serdarymyzyň baştutanlygynda durmuşa geçirilýän beýik işlere buýsanýandyklaryny aýratyn bellediler. Şeýle hem Gahryman Arkadagymyzyň halk häkimiýetiniň bir bitewi ulgamyny döretmek baradaky taryhy başlangyjynyň ähmiýeti barada ýörite durup geçdiler.

Ilatyň giň gatlaklarynyň wekilleriniň döwletiň möhüm jemgyýetçilik-syýasy çözgütleriniň kabul edilmegine gatnaşmagyny üpjün etmek maksady bilen Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň döredilmegi beýik sepgitlere ýetmegiň ýolunda möhüm ähmiýete eýedir. Bular barada nygtamak bilen çykyş edenler öňe sürlen teklipleri doly goldaýandyklaryny aýtdylar. Şeýle hem Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Serdarymyza kalplaryndan joşup çykýan hoşallyklaryny buýsançly beýan etdiler.

***

Şeýle mazmundaky wagyz-nesihat çäreleri Daşoguz welaýat kitaphanasynda, Daşoguz pagta egriji fabriginde hem ýokary işjeňlikde geçirildi. Çärelerde çykyş edenler milli parlamentiň düzüminiň işiniň kämilleşdirilmegi babatynda Gahryman Arkadagymyzyň öňe süren başlangyçlaryny doly goldaýandyklaryny bellediler.

 

Ýörite habarçymyz.

© TÜRKMENISTANYŇ ZENANLAR BIRLEŞIGINIŇ MERKEZI GEŇEŞI zenan.gov.tm 2012-2023      Email: tzb@online.tm