Ene-mamalarymyzdan nesilden-nesle geçirilen el işleriniň biri-de halkymyzyň milli medeniýetini, däp-dessurlaryny açyp görkezýän keşdeçilik sungatydyr. Bu sungaty gorap saklamak, onuň gadymy nusgalaryny geljekki nesillere ýetirmek ugrunda ýola goýulýan işler hemmeleri begendirýär. «Türkmeniň keşdeçilik sungatynyň» ÝUNESKO-nyň Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna girizilmegi bilen, gadymy senedimiziň dünýä halklarynyň medeniýetiniň bir bölegine öwrülendigi bizi has-da buýsandyrýar.
Keşde çekmek, gaýma gaýamak — gelin-gyzlarymyzyň ýürek arzuwyndan, on barmagynyň gudratyndan dörän sungat. Keşde iňňe bilen örän owunjak sanjylyp tikilýän nagyşdyr. Milli keşdeçilik sungatymyzda özüne mahsus aýratynlyklar örän köpdür. Gelin-gyzlarymyzyň owadan lybaslarynyň ýeň-ýakalaryny bezeýän gül keşdeleriň nepisligi, inçeligi, reňkleriň saýhally sazlaşdyrylmagy ünsüňi bada-bat özüne çekýär.
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe milli mirasymyzyň, şol sanda gadymy keşdeçilik sungatymyzyň täze many-mazmun bilen baýlaşdyrylyp ösdürilmegi, dünýä ýaýylmagy üçin ähli şertleri döredip berýän hem-de bu babatda taýsyz tagallalary edýän hormatly Prezidentimize we Gahryman Arkadagymyza hemişe alkyş aýdýarys.
Aýbölek Köçekowa,
Gyzylarbat şäher taryhy we ülkäni öwreniş muzeýiniň ylmy işgäri.