Ajaýyp gölli halylar

«Türkmenhaly» döwlet birleşiginiň Daşoguz «Çeper» halyçylyk kärhanasynyň Köneürgenç etrabyndaky bölümhanasynyň çeper elli halyçylary geçen ýyly guwandyryjy görkezijilere beslediler. Üstünlikli jemlenen ýylyň ajaýyp netijeleri ussat halyçylary Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynyň ilkinji günlerinden has ýokary depginde işlemäge ruhlandyrýar. Geçen ýylyň dowamynda bu ýerde haly we haly önümleriniň 186 inedördül metrden gowragy dokalyp, buýrujylara ugradyldy. Olaryň aglaba bölegini uly göwrümli halylar düzýär.

Demirgazyk welaýata mahsus nepis gölleri, reňkleriniň utgaşykly öwüşgini bilen aýratyn tapawutlanýan halylaryň ençemesini şu ýyl hem ýurdumyzda yglan edilýän bäsleşiklere hödürlemek göz öňünde tutulýar. Bölümhana ýylyň ilkinji günlerinden täze ýaşaýyş jaýlary, edara binalary üçin haly önümleriniň buýurmalary yzygiderli gelip gowuşýar. Ýokary hilliligi, ululygy bilen tapawutlanýan bu önümler täze binalaryň bezegi bolar. Işleriň depgini aýlyk meýilnamanyň artygy bilen berjaý ediljekdigine güwä geçýär. Toý-baýramlara ýaraşýan, törleri bezeýän halylar barada aýdylýan hoşallyk sözleri halyçylary täze zähmet üstünliklerine ruhlandyrýar.

 

Amanmyrat SAPAROW.

(Öz habarçymyz).

"Türkmenistan" gazeti.

© TÜRKMENISTANYŇ ZENANLAR BIRLEŞIGINIŇ MERKEZI GEŇEŞI zenan.gov.tm 2012-2023      Email: tzb@online.tm