Golaýda paýtagtymyzda zenanlaryň arasynda küşt boýunça Türkmenistanyň ýokary ligasynyň ýaryşy tamamlandy. Onda Dänew etrabyndaky 31-nji orta mekdebiň 10-njy synp okuwçysy Lala Şöhradowa ýeňiş gazandy we ilkinji gezek ýurdumyzyň çempiony boldy. Ol oýnan 13 döwünde jemi 10,5 utuk toplady. Ikinji we üçünji orunlary degişlilikde Merýem Agajanowa (10 utuk) we Ogulsuraý Baýrambaýewa (9 utuk) eýelediler. Olaryň ikisi-de Aşgabat şäherindendir.
Zehinli ýaş küştçi bu uly üstünlige gadymy oýnuň inçe tilsimlerini ussatlyk bilen ele almak, yzygiderli kämilleşmek, ýeňşe bolan mizemez erki bilen ýetdi. Ol ozal dürli ýaş derejelerinde welaýatymyzyň we ýurdumyzyň birinjiliklerinde yzly-yzyna üstün çykdy. Halkara ýaryşlarynda hem uly üstünlikleri gazanyp, Watanymyzyň sport abraýyny belende göterdi.
Şu ýyl ýokary liga Lala bilen birlikde onuň dogany Leýla Şöhradowa hem gatnaşdy. Şeýle jogapkärli ýaryşa ilkinji gezek gatnaşýandygyna garamazdan, ol 8 utuk toplap, bäşinji orny eýeledi. Leýlanyň baýrakly orunlary eýelänlerden sähelçe yza galandygyny nazarda tutsaň, onuň çykyşyny hem şowly hasaplamak bolar. Gazanan netijeleri doganlara halkara ýaryşlarynda Watanymyza wekilçilik etmäge-de mümkinçilik berýär.
Gazanylanlar bilen çäklenmän öňe gitmeli, täze belentlikleri eýelemeli. Lala, ine, şeýle ýörelgä eýerýär. Ol Gahryman Arkadagymyz, Arkadagly Serdarymyz tarapyndan ýaşlara sport bilen meşgullanmak, tutumly bäsleşiklere gatnaşmak üçin ähli mümkinçilikleriň döredilýändigini guwanç bilen belleýär. Bu bolsa olary ýeneki üstünliklere ruhlandyrýar. Lala häzirki wagtda Aşgabatda 18 ýaşa çenli gyzlaryň arasynda geçiriljek ýurt birinjiligine gatnaşmaga taýýarlyk görýär. Onuň yzysüre bolsa küşt boýunça erkekleriň arasynda ýokary liganyň oýunlary başlanýar. Oňa ýurdumyzyň çempiony Lala Şöhradowa ýeke-täk zenan türgen hökmünde gatnaşar. Biz Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynda zehinli küştçi, FIDE-niň ussady Lala Şöhradowa ýeňişlere beslenen ýoluny dowam etdirmegi, aýgytly bäsleşiklerde uly üstünlikleri gazanmagy arzuw edýäris.
Mämmet GYLYJOW.
"Türkmen gündogary" welaýat gazeti.