2023-nji ýylyň 16-njy martynda, penşenbe güni Türkmenistanyň Jemgyýetçilik guramalarynyň merkeziniň binasynda Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli merkeziniň, Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň Merkezi Geňeşiniň bilelikdäki gurnamagynda “Mähriban Arkadagymyzyň “Ýaşlara gutlag” eseri – ýaşlarymyzyň durmuş ýolunyň senasy” atly maslahaty geçirildi.
Geçirilen bu maslahaty Türkmenistanyň Telewideniýe, radiogepleşikler we kinematografiýa baradaky döwlet komitetiniň “Altyn asyr: Türkmenistan” teleýaýlymynyň gepleşikleri gurnaýjysy we alyp baryjysy Selbi Amangulyýewa alyp bardy.
Maslahata Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli merkeziniň, Zenanlar birleşiginiň Merkezi Geňeşiniň başlygy Akjemal Durdyýewa, “Zenan kalby” žurnalynyň baş redaktory Maýsa Taýjykowa, Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň okuw işleri boýunça prorektory Gülşat Ýusupowa, Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli merkeziniň Söwda we telekeçilik ugrunyň işgärleriniň kärdeşler arkalaşygy boýunça esasy hünärmeni, halyçy Orazgül Eýeberdiýewa, Aşgabat şäheriniň ýöriteleşdirilen 28-nji orta mekdebiniň müdiri Hemra Aramedow hem-de “Türkmenistan” gazetiniň habarçysy Süleýman Hangeldiýew dagylar gatnaşdylar.
Maslahatda Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynyň al-elwan baharynyň ilkinji günlerinde Gahryman Arkadagymyzyň döreden «Ýaşlara gutlag» atly aýdymy türkmen ýaşlarynyň ak ýolunda pederleriň ak patasy bolup ýaňlandy.
Çykyş edenler ene-atanyň ýürek duýgusyny özünde jemleýän täze, belent ruhly aýdym bu gün bagtyýar ýaşlaryň ýürekleriniň mähir mukamyna öwrülendigini nygtamak bilen, milli Liderimiziň ylhamyndan joşup çykan «Ýaşlara gutlag» aýdymy durmuş ýolunyň özboluşly senasyna öwrülmek bilen, ýaşlaryň bagt toýlarynda belentden ýaňlanmaga mynasypdygy, çünki onda ene-atalaryň ählisiniň kalbyny bir owazda birleşdirýän iň nurana duýgularyň beýany jemlenendigi barada aýtdylar. Şeýle hem, olar bu ajaýyp aýdymyň “Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar” atly 2023-nji ýylynda döredilmeginiň hem çuňňur manysy bardygyny, perzendini durmuş ýoluna atarmak, ony öýli-işikli etmek, agtyk-çowluk görmek her bir ene-ata üçin uly bagtdygy, belent arzuwdygy, munuň özi döwletlilikdigi, ynsan ömrüniň manysydygy, iň arzyly arzuwlaryň hasyl bolmagydygy barada hem belläp geçdiler.
Dörediji, türkmen halkynyň milli Liderimi, Gahryman Arkadagymyzyň eýýäm ýazylanda aýdym bolup dörän täze eserindäki: Bagt diýen zat damja bolsa, Ýaz ýagşa eziliň! Söýgi besläp ýüreklerde, Taryha ýazylyň-diýen setirleri ýa-da: «Köňül kendim, ömre bendim», «Belent sakla abraýyň» diýen sözleri ýaşlara diňe bir peder pendi, bagtyýarlyk arzuwy bolman, eýsem, manyly ýaşaýşyň açarydyr, ynsanperwerlik, mähribanlyk, watansöýüjilik wesýetidir.
Milli Liderimiziň her bir eserinde döwrümiziň ruhy joşguny aýdyň duýulýar. Şu ýylyň bosagasynda-da Gahryman we mähriban Arkadagymyzyň «Dowam bolsun!» atly şygry arzuwlara beslenen täze ýyl aýdymyna, ýürekleriň senasyna öwrüldi. Ol beýik özgertmeleri, ösüşleri bilen taryha zer harplarda ýazylan «Halkyň Arkadagly zamanasy» ýylynyň şanly sepgitleriniň waspnamasy hem-de Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynyň ak patasy bolup ýaňlandy.
Gahryman Arkadagymyz: «Parasatly ata-babalarymyz nesillere ajaýyp däpleri miras galdyrypdyrlar. Agzybirlik, zähmetsöýerlik, ýaşuly nesle hormat-sarpa goýmak halkymyzyň asyrlar boýy durmuş kadasyna öwrülip geldi. Biziň ýaşlarymyz şol däpleri dowam etdirmelidirler. Ösüp gelýän nesilleri şu ýörelgeler esasynda terbiýelemek hemmämiziň wezipämiz bolmalydyr» diýip sargyt edýär.
Milli Liderimiziň atalyk sargytlaryna, nusgalyk göreldesine eýerip, her bir türkmen raýatynyň işde ýa-da durmuşda gazanan we gazanýan üstünligi Watanymyza abraýdyr, şandyr, ýurdumyzyň beýik ösüşlerine goşantdyr. Ýaşlar ýurdumyzyň geljegidir.
Kämil ýaş nesil halkymyzyň, «Ýaşlar Watanymyzyň abraý-mertebesidir» diýýän Gahryman Arkadagymyzyň belent buýsanjydyr. Şoňa görä-de, biz bu ägirt uly bagta, synmaz ynama mynasyp nesiller bolmalydyrys.
Türkmeniň göterilen ykbalyny has-da beýige götermek üçin, biziň gaýratymyz gerekdir. Hormatly Prezidentimiziň hem-de Gahryman Arkadagymyzyň ýaşlaryň bagtyýar geljegi ugrundaky bimöçber taýsyz aladalaryny we ýadawsyz tagallalaryny, bildirýän belent ynamyny bütin süňňümiz bilen duýup, ony her pursatda ödemäge çalyşmalydyrys.
Hakyky watançy ogul-gyzlar bolup kemala gelmek ýaş nesliň mukaddes borjudyr. Biz ata Watanymyzyň diňe bir şu gününiň däl, eýsem, röwşen geljeginiň beýikliginiň, bagtyýarlygynyň binýadyny berk tutýan Arkadagly Serdarymyza, ýaşlara durmuşda nusgalyk görelde bolýan, parasatly öwüt-nesihatlaryny berýän, ajaýyp döwrümizden ruhlanyp ýaşamagy ündeýän Milli Liderimize tüýs ýürekden egsilmez alkyş aýdyp, berk jan saglyk, uzak ömür, alyp barýan döwletli işlerinde mundan beýläk-de rowaçlyk arzuw edýäris.
Maslahatyň dowamyndaTürkmenistanyňTelewideniýe, radiogepleşikler we kinematografiýa baradaky döwlet komitetiniň “Altyn asyr: Türkmenistan” teleýaýlymy tarapyndan ýazgy edildi.
Şabibi Ataýewa,
Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň
Milli merkeziniň işgäri.