Berekella, Zenan pälwanlar!

Türkmen zenany! Ol her bir dowürde-de haýsy bir iş bolsa-da, erkek kişiler bilen deň hatarda durupdyr. Olaryň watansöýüjiligi, asyllylygy, edep-ekramlylygy, edalylygy, merdi-merdanalygy asyrlardan-asyrlara geçip, nesillere görelde mekdebi bolup hyzmat edip gelýär.

Biz taryhymyza göz aýlanymyzda, türkmen gelin-gyzlarynyň döwleti dolandyrmakda, ony gorap saklamakda il bähbitli işleri edendiklerini bilýäris, olara guwanýarys, buýsanýarys.

Ata-babalarymyz daýaw, pälwansypat adamlara hemişe «pälwan» lakamyny beripdirler. Gadymy Köýtendag topragy hem pälwanlaryň köp ýeri hasaplanypdyr. 01 ýerde uly göreşler geçirilipdir. 01 göreşleriň geçiriljekdigi barada toý-märekelerde öňünden habar berler eken.

Ynha, günleriň bir güni uly toý tutulyp, onda pälwanlaryň göreşjekdigi ha­bar berilýär. Bu toýa uzak illerden köp pälwanlar gelýär, olaryň içinde emiriň baş pälwany hem bar eken. Ýaryş başlanýar. Baş pälwan orta çykanda, onuň garşysyna çykjak pälwan tapylmandyr. Ýaryşyň emini: «Baş pälwana baş baýragy bermelimi, oňa garşy çykjak palwan ýokmy?» diýip, jar çekipdir. «Baş pälwana göreşmän, baş baýragy alyp gitmek aýyp bolar. Goý, ol meni ýykyp, baş baýragy alyp gitsin» diýip, märekäniň arasyndan çykan zenan sesine hemmeler üşerilişipdir. 01 zenan maşgala agyr işleri ýerine ýetirmekde güýjüni görkezip, pälwan adyny alyp ýören Aýdan eken. Bu teklibe gahary gelen baş pälwan: «Haçan görlen zat aýal bilen tutluşmak, otur ýeriňde!» diýip azgyrylypdyr. Aýdan bolsa: «Gaýratyň bolsa, çyk orta, al baýragyňy!» diýipdir. Göreş başlanýar, şol wagt ýerden ýokary tozan göterilýär. Bir seretseler, baş pälwan ortada çalam-çaş bolup ýatyrmyş...

Şu rowaýatdan görnüşine görä, Aýdan pälwan ýaly gujurly, gaýratly köýtendagly zenan pälwanlar Abadyň, Hajaryň, Aýbalyň meşhurlygy il içine ýaýrapdyr.

Törümiziň bezegi, kalbymyzyň guwanjy bolan owadan gelin-gyzlarymyz bu günki gün gözbaşyny asyrlardan alyp gaýdýan göreşde güýjüni synaýarlar. Biziň toý-baýramlarymyzyň hiç biri milli göreşsiz geçenok. öz güýjüni, kuwwatyny görkezip, garşydaşyndan üstün çykan pälwana halat-serpaýlar ýapylýar, hormat-sylag edilýär.    

    Hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallasy bilen Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe milli göreşiň nusgalyk we erkin görnüşlerini ösdürmäge, ony kämilleşdirmäge uly üns berilýär. Türkmenistanyň milli göreş boýunça erkekler we zenanlar ýygyndy toparlary häzirki wagtda sebit we dünýä ýaryşlarynda üstünlikli çykyş edip, döwletimiziň sport abraýyny ýokary göterip, ýaşyl Tugumyzy belentde parladýarlar. Olardan Gülbadam Babamuratowa, Nasiba Surkiýewa, Gülnar Haýytbaýewa ýaly zenanlarymyz ýaryşlarda ýeňiş gazanyp, altyn medallara mynasyp boldular.

Sagdynlyk. Ruhubelentlik. Dostluk.

Bedenterbiýäniň we sportuň saglykdygyna, saglygyň bolsa ruhubelentlikdigine, bu ikisiniň bolsa sazlaşyp, dostluk ýollaryna alyp barýandygyna düşünýän parahatçylyk söýüji halkymyz gözel paýtagtymyz Aşgabatda geçirilen Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlaryna uly taýýarlykly geldi.

Ýaryşlaryň ilkinji günlerinden meşhur pälwan gyzlarymyz Gülnar Haýytbaýewa, Nasiba Surkiýewa. Zuhra Madraimowa, Laçyn Badaglyýewa dagy ýurdumyzyň milli ýygyndysyny altyn medallar bilen baýlaşdyrdylar. Harby gullukçy Zuh­ra Madraimowa ýaryşyň soňky günleri hem altyn medala mynasyp boldy. Ýaşyl Tugumyzy eline alyp, tomaşaçylaryň öňünden ylgap geçende, onuň gözündäki begenç gözýaşlary hemmeleri tolgundyrdy. 01 tomaşaçylar bilen bir hatarda oturan mähriban käbesiniň ýanyna baryp, onuň bilen begenjini paýlaşdy. Onuň ellerinden sypady. Gyzynyň birden bir ýerini agyrtmagyndan howatyrlanyp oturan enäniň şol wagtky tolgunmasy Zuhranyň ýeňşi bilen utgaşyp gitdi. Ýüz-gözleri gülüp duran ussat pälwan birsalymlyk argynlygyny unutdy.

— Her bir türgen ýaryşda ýeňmegi arzuw edýär. Garşydaşyňdan üstün çykmak üçin irginsiz türgenleşmeli. Men çagalygymdan oglanlar bilen oýnamagy gowy görerdim, şolaryň hereketlerini gaýtalardym. Oglanlar derrew biri-birini ýykmak bilen bolýarlar Belki, şu zatlar maňa-da täsir edendir. Men milli göreş bi­len meşgullanyp başladym. Ýokary okuw mekdebinde-de özüme Nasiba Surkiýewany halypa tutundym. 01 maňa göreş tutmagyň inçe syrlaryny öwretdi. Men, ilki bilen, tilsimleriň zerurdygyna göz ýetirdim. Ynha, badak atyp ýykmaly göreş bar, guşakdan tutup ýykmaly göreş bar. Şu tilsimlere ussatlyk bilen erk edip bilseň, şonda garşydaşyňy ýeňip bilýän. Türgen üçin ähli ýaryşlar esasy bolup durýar. Şonuň üçinem biz hemişe taýýarlykly durmaly. Her bir gazanylýan ýeňiş ussatlyga tarap täze basgançak hasaplanýar.

Gürrüňdeşlige «Aşgabat 2017» oýunlarynda altyn medallaryň eýesi, milli göreş boýunça dünýäniň bäş gezek çempiony Gülnar Haýytbaýewa-da goşulýar:

— Biziň maşgalamyza obadaşlarymyz «Pälwanlar maşgalasy» diýýärler. Sebäbi üç erkek doganym toý-märekelerde göreşe çykardylar. Olara: «Bular her egninde bir adam göteräýmeli» diýşip guwanardylar. Meniňem şolara meňzäsim, çeýe we güýçli bolasym geldi. Bu barada doganlarymyň ýanynda agzanymda, olar meni goldadylar. Ilkinji tälim beren Batyr Hojagulyýew boldy. Men doganlarymyň we halypamyň ynamlaryny ödäp bilendigim üçin, özümi bagtly saýýaryn. Zuhranyň belleýşi ýaly, sport irginsiz zähmeti talap edýär. Bizde ussatlygyňy kämilleşdirmek üçin ähli mümkinçilikler bar. Şonuň üçin zenan pälwan bolmak gyzykly hem özüne çekiji.

Nusgalyk we erkin göreş boýunça türkmeniň milli oýunlarynyň ussady, dünýäniň ençeme gezek çempiony, halkara sport ussady Nasiba Surkiýewanyň aladasy özüne ýetik. Ol orta çykjak zenanlara ulanylmaly tilsimleri we usullary ba­rada maslahat berýär. Sebäbi ol diňe bir garşydaşy bilen bäsleşmeli ussat däl-de, eýsem, Türkmenistanyň zenanlar ýygyndy toparynyň baş tälimçisi.

Zenan pälwanlaryň hatary Jahan Muhammedowa, Maksuda Egenberdiýewa, Zarina Abdyrahmanowa, Rano Uzakowa, Jahan Durdyýewa, Dinara Hallyýewa ýaly ussat pälwanlar bilen uzaýar. Üstünlikler hemraňyz bolsun, pälwan zenanlar!

Ogulbaýram TAGANOWA, žurnalist.

 

 

© TÜRKMENISTANYŇ ZENANLAR BIRLEŞIGINIŇ MERKEZI GEŇEŞI zenan.gov.tm 2012-2023      Email: tzb@online.tm