Magtymguly etrabyndaky 19-njy orta mekdepde Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň şäher geneşi we beýleki jemgyýetçilik guramalary bilen bilelikde «Zenan waspy» atly wagyz-nesihat çäresini guradyk. Oňa dürli ulgamlarda zähmet çekýän gelin-gyzlar gatnaşdylar.
Wagyz-nesihat çäresiniň dowamynda çykyş edenler bagtyýarlyga beslenýän döwrümizde hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallasy bilen türkmen zenanlaryna, enelere goýulýan hormatyň has-da artýandygyny buýsanç bilen belläp geçdiler. Bu günki günde türkmen zenanlary ähli ulgamlarda asylly zähmetiň nusgasyny görkezýärler. Nesil terbiýesinde hem zenanlaryň paýyna uly wezipe düşýär. Şeýle bolansoň, olar, eneler perzentlerini edepli, terbiýeli, bilimli, ata Watanymyza wepaly, hormatly Prezidentimiziň sargytlaryna eýerýän adamlar edip terbiýeläp ýetişdirmekde yhlaslaryny gaýgyranoklar. Aýratynam gyz çaga berilýän terbiýä has uly üns berýärler.
Çykyşlaryň dowamynda şular dogrusynda giňişleýin gürrüň edildi. Her bir işde, aýratyn hem nesil terbiýelemekde ähli şertdir mümkinçilikleri döredýän Gahryman Arkadagymyza tüýs ýürekden alkyş aýdyldy.
Bägül SÄDIÝEWA
TMYG-niň Magtymguly etrap geňeşiniň guramaçylyk bölüminiň esasy hünänneni.
Balkan» gazeti