Änew şäherinde ýerleşýän Türkmenistanyň Milli “Ak bugdaý” muzeýinde “Arkadagly hemişelik Bitarap ýurduň buýsançly zenanlary” ady bilen maslahat geçirildi. Ahal welaýat häkimliginiň, Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň welaýat birleşmesiniň, Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň Ahal welaýat bölüminiň bilelikde guramagynda geçirilen maslahata zenanlar guramasynyň işeňňir agzalary, edara-kärhanalarda zähmet çekýän zenanlar, mährem eneler hem-de talyp gyzlar gatnaşdy. “Türkmenistan — Bitaraplygyň mekany” ýylyna bagyşlanan maslahatda ýurdumyzda zenanlaryň bagtyýar durmuşyň hözirini görüp ýaşamagy, netijeli zähmet çekmegi, nesil terbiýelemegi babatda edilýän aladalar, döredilýän şertler, jemgyýetimizde olaryň orny, zenan sarpasy dogrusynda täsirli gürrüň edildi. Milli mirasymyzy şöhratlandyrmak we wagyz etmek, ýaş nesli milli buýsanç, ýokary ynsanperwerlik duýgusynda terbiýelemek maksady bilen ýurdumyzda alnyp barylýan işleriň ähmiýeti baradaky gürrüňler uly dykgat bilen diňlendi. Bu ugurda ene-mamalarymyzdan gelýän asylly ýol-ýörelgeleriň, däp-dessurlaryň terbiýe mekdebidigi hakynda aýdylanlar has täsirli boldy. Maslahatda bagtyýarlyga beslenen döwrümizde milli halyçylyk sungatynyň şöhratly däpleriniň ösdürilýändigi, bu nepis sungaty döredýän çeper elli gelin-gyzlar üçin ajaýyp iş şertleriniň döredilýändigi aýratyn bellenildi hem-de munuň üçin döwlet Baştutanymyzyň adyna alkyş sözleri aýdyldy. Maslahatyň çäginde ýaýbaňlandyrylan sergi bilen tanyşmak has-da gyzykly boldy. Muzeýiň eýwanynda guralan sergide welaýatymyzyň dürli ýerinden gelen zenanlar el hünärine degişli işlerini görkezdiler. Aýdym-sazly çykyşlara utgaşan sergi ýaşlary gadymdan gelýän milli hünärlere ugrukdyrmakda, olaryň hünärli bolmagyny gazanmakda ähmiýetli boldy. Onuň barşynda tejribeli halyçylaryň el hünäriniň dürli görnüşlerini ýerine ýetirmegiň ähmiýeti barada beren gürrüňleri ýaşlara ýakymly duýgulary peşgeş berdi.
Gülşirin ANNAGELDIÝEWA, Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Ahal welaýat birleşmesiniň esasy hünärmeni.