Ata Watanymyzda mähriban ene-mamalarymyza, gelingyzlarymyza sarpa goýmak, olaryň mertebesini belent tutmak, edep-ekramyna, durmuş ýörelgelerine aýratyn söýgi we hormat bilen garamak müňýyllyklardan gözbaş alyp gaýdýar. Öý-ojaklarymyzyň ýaraşygy, durmuşymyzyň bezegi bolan zenanlarymyz asyrlardan-asyrlara, nesillerden-nesillere geçirilip kämil derejä ýetirilen däp-dessurlarymyzy mynasyp dowam etdirmek bilen, ykdysadyýetimiziň dürli pudaklarynda, döwlet we jemgyýetçilik durmuşynda yhlasly zähmet çekýärler. Mynasyp nesil terbiýesi biziň rowaçlyklarymyzyň gözbaşynda duran zenanlarymyzyň boýnuna düşýän esasy borçlaryň biridir. Elbetde, zähmetde we durmuşda uly üstünlikler gazanýan şeýle zenanlarymyza biz buýsanmaga we guwanmaga haklydyrys. Gahryman Arkadagymyzyň parasatly ýolbaşçylygynda zenanlarymyzyň asuda, abadan we bagtyýar durmuşda ýaşamagy, yhlasly zähmet çekmegi, mynasyp nesilleri terbiýeläp ýetişdirmegi üçin uly aladalar edilýär. Zenan durmuşyň gülüdir. Görki güle çalymdaş ajap gelin-gyzlarymyz ýaşaýşy gözellik hemde mylaýymlyk bilen bezeýär. Halkymyz zenanlaryny ýüzüniň tuwagy hasaplaýar. Gahryman Arkadagymyzyň zehin sahawatyndan syzylyp çykan «Enä tagzym — mukaddeslige tagzym» atly kitabynda her bir ynsan üçin enäniň mukaddesligi, zenan mertebesi barada giňişleýin beýan edilýär. Bu babatda Gahryman Arkadagymyzyň käbesi Ogulabat ene türkmen zenanyna nusgalyk mekdep bolup durýar. Türkmen zenanlary ähli döwürlerde aýratyn mähir, söýgi bilen gurşalandyr. Bu gün ata Watanymyzda türkmen zenanynyň başarnygyna, ukybyna uly baha berilýär. Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe türkmen zenany döwür bilen aýakdaş barýar. Häzirki wagtda zenanlar durmuş-ykdysady pudaklarynyň ähli ulgamlarynda halal zähmet çekýärler. Türkmenistanda döwlet jemgyýetçilik ösüşini amala aşyrmagyň ähli ugurlarynda zenanlaryň işjeň orny bar. Aýalgyzlar jemgyýetde öz mynasyp ornuna eýe bolmaga, döwlet işlerinde jogapkärli wezipeleri alyp barmaga, giň demokratik esaslarda saýlawlara gatnaşmaga, saýlamaga we saýlanmaga intellektual ulgamlarda öz döredijiligini ösdürmäge ähli mümkinçilikler döredilen we şeýle hukuklar kanun esasynda berkidilendir. Şu alnyp barylýan asylly işler Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe zenan sarpasynyň has belentde durýandygyny aýdyňlygy bilen subut edýär. Mukaddes eneler — ýaşaýşyň gözbaşy, ynsan kalbynyň öçmejek nury. Ene görüm-görelde mekdebidir. Biz eneleriň mähri bilen dünýä inip, ene söýgüsi bilen kemala gelýäris. Her bir türkmen öý-ojagynda enäniň terbiýesine uýulýar. Ene göreldesi terbiýe babatda maşgalanyň agzybirliginiň gönezligi hasaplanýar. Maşgala abatlygyny, öý-ojagyň abadanlygyny üpjün edýän mähriban eneleriň keşbi ýüreklerde müdimilik nagyşlanandyr. Öz perzendine uzak ýaş arzuw edip, ak bagtyň ýollaryna atarýan mährem zenan enedir. Ösüp gelýän ýaş nesillere durmuşda öz ornuny tapmaga enäniň beren maslahatlary gymmatly ýol görkezijidir. Maşgalada ojagyň söýesi zenan hasaplanýar. Maşgala mukaddesligini gorap saklamak hem zenanlaryň mukaddes borjy bolup durýar. Dogan-garyndaşyny, öý-ojagyny, ýanýoldaşyny, perzendini söýgi, mähir-muhabbet bilen gurşap alýan zenan uly abraýa eýedir. Agraslylygy, akyllylygy, edep-ekramy ilkinji nobatda goýýan ata-babalarymyz zenanlaryň boýuny ajaýyp altyn-kümüş şaý-sepleri bilen bezäpdirler. Şeýle şaý-sepleri dakynan zenanlar özleriniň gözelligi bilen töweregini haýrana goýupdyrlar. Ene mähriniň bar ýerinde bagt, asudalyk, agzybirlik höküm sürýär. Diýmek, adamzat jemgyýetinde zenanyň orny has uludyr. Zenan üçin iň uly bagt — ene bolmak bagtydyr. Ynsan üçin eneden eziz, eneden mähriban adam ýok. Ene ýüreginiň mähri, ene elleriniň ýylysy, enäniň şirin hüwdüsi ynsanyň kalbyna baky ornan gymmatly mukaddeslikdir. Eneli dünýä — ajaýyp dünýä. Enäniň arassa päk kalbyndan çogup çykýan hüwdüsi mähir söýgüsidir, ýürek mukamydyr. Enäni hormatlamak, enäni söýmek Watany söýmek, durmuşy söýmek diýmekdir. Zenan ýüreginden çykýan alkyşlar has üýtgeşik bolýar. Ol alkyşlar, arzuwly sözler ynsan ýüregini kökerýär. Milletimiziň ulusy-kiçisi zenan sözüniň gudratly güýjüne belent sarpa goýýar. Munuň özi bolsa, halkymyzyň ruhy taýdan baýdygynyň we uly bagtyň nyşanydygyny aňladýar. Barlygymyzyň gül görkli zenanlary, siziň nurdan doly nurana, owadan ýüzüňiz elmydama ýylgyryp dursun! Siziň kuýaş suwy çaýylan owadan ýüzüňizde, mähirden püre-pür gözleriňizde gözýaş hiç haçan görünmesin! Türkmen eneleriniň, türkmen zenanlarynyň maşgala bagtyna guwanyp ýaşamaklary ugrunda paýhasly syýasaty bilen uly işleri bitirýän hormatly Prezidentimiziň ömri uzak, belent başy aman bolsun, tutýan tutumly işleri elmydama rowaçlyklara beslensin!
Çemen KÖNÄÝEWA, Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň Ak bugdaý etrap komitetiniň partiýa guramaçysy.