2022-nji,
"Halkyň Arkadagly Zamanasy"

«tegelek stoluň» başynda

Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda Mer-kezi Aziýa döwletleriniň arasyndaky hyzmatdaşlygy ösdürmek, dünýä ösüşiniň häzirki zaman şertleri hem-de zenanlaryň hukugynyň üpjün edilmegi we demok-ratik esaslaryň pugtalandyrylmagy bilen baglanyşykly meseleler boýunça «tegelek stoluň» başynda pikir alyşmalar boldy. Oňa Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygy G.Mämmedowa, BMG-niň Baş sekretarynyň ýörite wekili, BMG-niň Merkezi Aziýa üçin öňüni alyş diplomatiýasy boýunça Sebit merkeziniň ýolbaşçysy N.German, ýurdumyzyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli merkeziniň, Zenanlar birleşiginiň Merkezi geňeşiniň başlygy G. Ataýewa we beýlekiler gatnaşdylar. Gy-zyklanma bildirilýän pikir alyşmalaryň dowamynda Merkezi Aziýa döwletlerinde, şol sanda Türkmenistanda, Gazagystanda we Özbegistanda aýal-gyzlaryň alyp bar-ýan işleri hem-de olaryň ýurduň syýasy, ykdysady we medeni durmuşynda eýele-ýän orny hem-de zenanlaryň hukuklaryny, durmuş goraglylygyny üpjün etmek meselelerine möhüm ähmiýet berildi. Merkezi Aziýa döwletleriniň zenan ýolbaş-çylarynyň ilkinji duşuşygynda birnäçe meselelere, aýratyn-da, gender deňligi, ze-nanlaryň hukuklaryny hem-de durmuş goraglylygyny üpjün etmek boýunça ama-la aşyrylýan ählumumy işleriň ähmiýeti nygtaldy.

© TÜRKMENISTANYŇ ZENANLAR BIRLEŞIGINIŇ MERKEZI GEŇEŞI zenan.gov.tm 2012-2022      Email: tzb@online.tm