Döwrüň ösen talaplaryn¬dan ugur alyp

Welaýat häkimliginiň mejlisler zalynda Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň welaýat bölüminiň hasabat ýygnagy geçirildi. Onda Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň welaýat bölüminiň geçen ýylda hormatly Prezidentimiziň türkmen halkynyň bagtyýar hem-de rowaç durmuşynyň bähbidine gönükdirilen Milli maksatnamalaryny, Kararlaryny wagyz etmekde, enäniň we çaganyň saglygyny goramakda, maşgala mukaddesligini berkitmekde, milli mirasymyzy dabaralandyrmakda, ene- -mamalarymyzyň el hünärlerini ýaşlarymyza ýetirip, arkama-arka dowam etdirmekde, ýaşlary watansöýüjilik ruhunda terbiýelemekde alyp baran işlerine seljerme berlip, öňde duran wezipeler kesgitlendi. Geçen döwürde Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň Merkezi geňeşi tarapyndan yglan edilen «Ýylyň zenany», «Bitarap döwletiň bagtyýar maşgalalary», «Gülüň owadan», «Kesbi-kärim nesillere görelde» atly we ýurdumyzda geçirilen beýleki bäsleşiklerde welaýatymyzyň zenanlarynyň hem baýrakly orunlara mynasyp bolandyklary, hormatly Prezidentimiziň Permany bilen welaýatymyzda sekiz we şondan köp çagany terbiýeläp ýetişdiren enelere «Ene mähri» diýen hormatly atlaryň dakylandygy hem-de ýaş nesliň arasynda wagyz-nesihat işlerini geçirip, nusgalyk görelde bolýan zenana «Zenan kalby» ordeniniň berlendigi buýsanç bilen nygtaldy. Ýurdumyzyň döwleti dolandyryş edaralarynda, halk hojalygynyň dürli pudaklarynda, bilimde, medeniýetde, jemgyýetçilik işlerinde we beýleki ugurlarda gelin-gyzlarymyzyň yhlasly zähmetleri bilen Watanymyzyň ösüşlerine mynasyp goşantlaryny goşýandyklary, welaýatymyzda telekeçilik bilen meşgullanýan zenanlaryň sanynyň artýandygy, işewür gelin-gyzlaryň kemala gelmegi ugrunda alnyp barylýan işler barada guwanç bilen gürrüň edildi. Müňýyllyklaryň dowamynda kemala gelen, türkmen zenanynyň zehininden dörän nepis halylarymyzy, keşde- -nagyşlarymyzy, ene-mamalarymyzdan miras galan milliliklerimizi ýaş nesillerimize ýetirmek, öý hojalykçy, telekeçi zenanlar bilen yzygiderli duşuşyklary ýola goýmak, hormatly Prezidentimiziň «Enä tagzym — mukaddeslige tagzym» atly kitaby esasynda gaýyn-gelniň agzybir gatnaşygyny giňden ýaýbaňlandyrmak, ösüp gelýän ýaş nesliň arasynda wagyz-nesihat işlerini geçirmek, ýurdumyzyň Garaşsyzlygynyň şanly 30 ýyllygyny dabaralara beslemek, Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň saýlawlaryny guramaçylykly geçirmek babatdaky möhüm wezipeleri ýerine ýetirmekde döwrüň ösen talaplaryndan ugur alynmalydygy aýdyldy. Çykyş edenler geçen ýylyň 16-njy dekabrynda döwlet Baştutanymyzyň jemgyýetçilik-syýasy guramalarynyň ýolbaşçylarynyň gatnaşmagynda geçiren sanly wideoaragatnaşyk arkaly iş maslahatynda aýal-gyzlaryň ýurdumyzyň jemgyýetçilik-syýasy durmuşyndaky ornunyň ýokarlanmagyna, olaryň guramaçylyk mümkinçilikleriniň doly açylmagyna aýratyn üns bermek, ýaşlaryň arasynda ozaldan gelýän maşgala gymmatlyklarynyň wagyz edilmegine gönükdirilen çäreleri geçirmek, zenanlara ylmy we telekeçilik işlerinde ýardam bermek babatda öňde goýan wezipelerini durmuşa geçirmekde mundan beýläk hem yhlasly zähmet çekjekdiklerine ynandyrdylar. Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe zenanlaryň sarpasyny has-da belende galdyrmakda, jemgyýetde tutýan ornuny berkitmekde döwlet derejesinde wajyp işleri amala aşyryp, zenan mertebesini beýgeldýän Gahryman Prezidentimiziň janynyň sag, ömrüniň uzak bolup, halkymyzyň eşretli, bolelin durmuşda ýaşamagy ugrunda alyp barýan beýik işleriniň mundan beýläk hem rowaçlyklara beslenmegi baradaky arzuwlar her bir çykyşyň içinden eriş-argaç bolup geçdi. Hasabat ýygnagynda Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň welaýat bölüminiň täze düzümi saýlanyldy.
Nabat Täzemyradowa.

© TÜRKMENISTANYŇ ZENANLAR BIRLEŞIGINIŇ MERKEZI GEŇEŞI zenan.gov.tm 2012-2023      Email: tzb@online.tm