Ýurdumyzyň buýsanjy we şöhraty

Milli Liderimiziň belleýşi ýaly, ýagşy gylyk-häsiýeti, görüm- -göreldesi bilen nusga bolýan zenanlarymyz ýurdumyzyň buýsanjy we şöhratydyr. Maşgala ojagyna wepadarlygy, el hünärine ussatlygy türkmen zenanlarynyň müňýyllyklaryň dowamynda abraýyny, mertebesini beýgeldip gelýän aýratynlyklardyr. Çuňňur söýgüsi, gyzgyn mähri bilen öý-ojagyny ýyladýan zenanlarymyz milli mirasymyzy dabaralandyrmakda, ýaşlary zähmete höweslendirmekde ummasyz işleri bitirýärler. Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe Diýarymyzda mährem enelerimize, gülden näzik gelin-gyzlarymyza hemi şe belent sarpa goýulýandygy, her bir maşgalanyň hal-ýagdaýynyň gowulanmagy ugrunda milli Liderimiziň taýsyz tagallalary edýändigi, işewür zenanlara işde we durmuşda uly üstünlikleri gazanmaklary üçin ählitaraplaýyn ýardam beril ýändigi barada Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň welaýat bölüminiň hasabat ýygnagynda täsirli çykyşlar edildi. Jemgyýetimizde okgunly ösüşleri, maşgalanyň bagtyýarlygyny gazanmakda zenanlarymyzyň bitirýän asylly işleri bizi diýseň guwandyrýar, buýsandyrýar. Zenanlar ata Watanymyzyň has-da gülläp ösmeginde, Gahryman Arkadagymyzyň adyl syýasatyny, halkymyzyň bagtyýar durmuşyna gönükdirilen Milli maksatnamalaryny üstünlikli durmuşa geçirmekde, milli aýratynlyklarymyzy dabaralandyrmakda ýokary yhlaslylyk görkezýärler, bagtyýar durmuşda ýaşap, mynasyp nesilleri terbiýeläp ýetişdirýärler. Eziz Arkadagymyz halal zähmetimiz bilen ýurdumyzyň ösüşine goşandymyzy goşmagymyz üçin giň mümkinçilikleri döredip berýär. Munuň özi bizi has-da tutanýerli zähmet çekmäge, täze üstünliklere ruhlandyrýar. Goý, zenanlarymyzyň sarpasyny belentde tutýan milli Liderimiziň jany sag, ömri uzak bolup, beýik işleri hemişe rowaç alsyn! Abadan
Gurbangeldiýewa, «Türkmennebit» döwlet konserniniň Nebit we gaz guýularyny berkitmek boýunça müdirliginiň EHM-iň operatory, ilkinji zenanlar guramasynyň başlygy

© TÜRKMENISTANYŇ ZENANLAR BIRLEŞIGINIŇ MERKEZI GEŇEŞI zenan.gov.tm 2012-2023      Email: tzb@online.tm