2022-nji,
"Halkyň Arkadagly Zamanasy"

Belent maksat — nurly geljek

Türkmenistan Watanymyzyň bagtyýar zenanlary Gahryman Arkadagymyzyň baş da durmagynda ýurdumyzda amala aşyrylýan oňyn özgertmeleri durmuşa geçirmäge işjeň gatnaşýarlar, ýaş nesliň sowatly, ylymly, bilimli, sagdyn we berk bedenli bolup ýetişmegi babatda uly işleri alyp barýarlar. Ösüşiň täze belentliklerine tarap okgunly öňe barýan ýurdumyzda bagtyýar nesillerimizi milli däp-dessurlarymyza laýyklykda terbiýelemekde, önümçiligiň dürli pudaklarynda gelin-gyzlarymyz yhlasly zähmet çekýärler, ata Watanymyzda gazanylýan üstünliklere mynasyp goşantlaryny goşýarlar. Maşgala mukaddesligini berkitmekde, sagdyn, döwrebap bilimli nesli kemala getirmekde zenanlaryň çekýän zähmetine mynasyp baha berilýär. Milli Liderimiz: «Ata Watanymyzyň häzirki ösüş döwründe amala aşyrylýan giň gerimli işlerde, gazanylýan üstünliklerde zenanlarymyzyň saldamly goşandy bardyr» diýip belleýär. Ýurdumyzda mährem enelere, eli çeper zenanlara, gelin- -gyzlara goýulýan sarpanyň belentdigi bizi diýseň buýsandyrýar. Bular barada Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň welaýat bölüminiň hasabat ýygnagynyň dowamynda işjeň söhbet edildi. Ata Watanymyzyň mukaddes Garaşsyzlygynyň 30 ýyllyk toýunyň uly dabaralara beslenjek ýylynda biziň öňümizde has-da uly wezipeler durýar. Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda güneşli Diýarymyzda amala aşyrylýan oňyn özgertmeleri wagyz etmekde, ylymly- -bilimli, watansöýüji ýaş nesilleri terbiýeläp ýetişdirmekde biz mundan beýläk hem tutanýerli zähmet çekeris. Zenanlara uly sarpa goýup, ýaş nesliň hemmetaraplaýyn sazlaşykly ösmegi üçin beýik işleri amala aşyrýan, bu babatda ähli şert-mümkinçilikleri döredip berýän mähriban Arkadagymyzyň jany sag, ömri uzak bolsun!

Zübeýda Myradowa, Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň Balkanabat bölüminiň mugallymy, ilkinji zenanlar guramasynyň başlygy

© TÜRKMENISTANYŇ ZENANLAR BIRLEŞIGINIŇ MERKEZI GEŇEŞI zenan.gov.tm 2012-2022      Email: tzb@online.tm