2022-nji,
"Halkyň Arkadagly Zamanasy"

Jemgyýeti ösdürmekde, maşgalany berkitmekde uly güýç

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe mukaddes öý-ojaklarymyzyň eýeleri bolan zenanlara çäksiz hormat-sarpa goýulýar. Döwlet Baştutanymyzyň özleri hakynda edýän aladalaryna bagtyýar zenanlar tutanýerli zähmetleri bilen jogap berýärler. Häzirki wagtda zenanlar önümçiligiň dürli pudaklarynda göreldeli zähmetiň nusgasyny görkezip, ýurdumyzyň durmuş-ykdysady ösüşine mynasyp goşantlaryny goşýarlar. Maşgalanyň esasy sütüni hasaplanylýan zenanlara zähmet çekmek we jemgyýetçilik işlerine işjeň gatnaşmak, çaga terbiýelemek babatda ähli şertler döredilýär. Häzirki wagtda Türkmenistanda zenanlaryň hukuklary we azatlyklary döwlet tarapyndan ygtybarly üpjün edilip, olar demokratik, hukuk we dünýewi döwletimiziň binýadyny has-da berkitmäge işeňňir gatnaşýarlar. Şeýle-de, zenanlaryň işjeňligini ýokarlandyrmaga döwlet derejesinde uly üns berilýär. Munuň şeýledigine milli Liderimiziň öňde goýýan wezipeleriniň mysalynda hem bütin aýdyňlygy bilen göz ýetirmek bolýar. Döwlet Baştutanymyz geçen ýylyň 16-njy dekabrynda Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygynyň, Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň käbir orunbasarlarynyň we ýurdumyzyň jemgyýetçilik-syýasy guramalarynyň ýolbaşçylarynyň gatnaşmagynda sanly wideoaragatnaşyk arkaly geçiren iş maslahatynda bu guramalaryň öňünde durýan möhüm wezipeleri kesgitledi. Gahryman Arkadagymyz Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň we Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň işleri barada durup geçmek bilen, edara-kärhanalarda zähmeti goramak we işiň howpsuz şertlerini üpjün etmek meselelerini kadalaşdyrýan hukuk namalaryny düşündirmek çäreleriniň, Türkmenistanyň Zähmet kanunçylygynyň ähmiýeti barada okuw maslahatlarynyň yzygiderli geçirilmeginiň zerurdygyna ünsi çekdi. Şeýle-de, ýaşlary zähmete ugrukdyrmaklygyň, halypa-şägirtlik ýolunyň dowam etdirilmeginiň ähmiýetiniň ýokarydygy barada aýtdy. Zenanlaryň ýurdumyzyň jemgyýetçilik-syýasy durmuşyndaky ornunyň ýokarlandyrylmalydygyny nygtap, ýaşlaryň arasynda maşgala gymmatlygyny wagyz edýän çäreleri geçirmegi degişli ýolbaşçylara tabşyrdy, zenanlara ylmy we telekeçilik işlerinde ýardam bermegiň, olaryň işjeňligini gazanmagyň möhümdigi hakynda aýratyn belläp geçdi. Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň we Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň ýylyň- -ýylyna geçirýän döredijilik bäsleşiklerine gatnaşýan zenanlar ýokary netijeleri görkezýärler. Welaýatymyzda hem wagyz-ündew çäreleriniň, bäsleşikleriň, sergileriň üsti bilen işewür zenanlaryň ýurdumyzyň durmuş-ykdysady taýdan ösmegine mynasyp goşant goşýandyklaryny, ýaş nesilleri milli ruhda terbiýelemekde, medeniýeti we sungaty, ylym-bilimi ösdürmekde halal zähmetiň nusgasyny görkezýändiklerini görmek bolýar. Aýratyn bellenilmeli zatlaryň biri hem, telekeçilik bilen meşgullanýan zenanlaryň sany barha artýar. Olar bu ugurda halal zähmetleri bilen ýurdumyzyň ykdysady ösüşine saldamly goşantlaryny goşýarlar. Zenanlaryň mümkinçiliklerini ösdürmek bolsa, döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugry bolmagynda galýar we ol Milli maksatnamalaryň üsti bilen amala aşyrylýar. Mysal üçin, ýurdumyzy we onuň sebitlerini durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň ýakyn we uzak möhletleýin maksatnamalary işlenip taýýarlanylanda, beýleki çäreler bilen bir hatarda, täze iş orunlarynyň döredilmegi, aýal-gyzlaryň hünär derejesiniň ýokarlandyrylmagy, olaryň arasynda telekeçiligiň ösdürilmegini höweslendirmek hem göz öňünde tutulýar. Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklary we Türkmenistanyň Zenanlar birleşigi ýurdumyzyň iri jemgyýetçilik guramalary we täsirli güýji bolup durýar. Gahryman Arkadagymyzyň adyl syýasatyny we Milli maksatnamalaryny işjeň durmuşa geçirmäge, «Döwlet adam üçindir!» diýen baş şygarymyzy has-da dabaralandyrmaga ýakyndan ýardam berýärler. Olaryň ýerlerdäki guramalary gelin-gyzlary jemgyýetçilik işjeňligine çekmegiň dürli ugurlaryndan netijeli peýdalanýarlar. Bu hem zenanlaryň jemgyýetdäki tutýan ornuny ýokarlandyryp, döwletiň hemmetaraplaýyn ösmegine ýakyndan ýardam edýär. Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüniň her bir ýylynda bolşy ýaly, «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylynda hem eziz Arkadagymyzyň taýsyz tagallasy bilen bagtyýarlygyň mekany bolan ata Watanymyz täze ösüşlere badalga aldy. Bagtdan paýly, gül kamatly zenanlarymyzam bu ajaýyp döwrümiziň bezegi bolup, eşretli durmuşyň hözirini görýärler we döredip berýän ajaýyp şert-mümkinçilikleri üçin hormatly Prezidentimize alkyş aýdýarlar.

Nursoltan Depbiýewa, «Balkan»

© TÜRKMENISTANYŇ ZENANLAR BIRLEŞIGINIŇ MERKEZI GEŇEŞI zenan.gov.tm 2012-2022      Email: tzb@online.tm