2022-nji,
"Halkyň Arkadagly Zamanasy"

Göwünlere ganat berýär her jümlesi, her sözi

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň jöwher zehininden dörän «Türkmeniň döwletlilik ýörelgesi» atly kitap bu gün diňe bir kitap tekjelerimizde däl-de, eýsem, ýüreklerimizde hem mynasyp orun eýeleýär. Halkymyzyň gadymdan gelýän mizemez ruhy ýörelgelerini, asylly däp-dessurlaryny açyp görkezýän bu ajaýyp eseriň her jümlesi, her sözi göwünlere ganat berýär. Ol milli gymmatlyklarymyzyň has-da rowaçlanmagynda, ösüp gelýän ýaş nesliň kalbynda watansöýüjilik, ynsanperwerlik, belent adamkärçilik duýgularynyň ösmeginde aýratyn uly ähmiýete eýedir. Şonuň üçinem kitabyň taryhy ähmiýetini, çuňňur many-mazmunyny giňden wagyz etmek boýunça alnyp barylýan işler täsirliligi bilen tapawutlanýar. Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň Merkezi geňeşiniň hem-de Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli merkeziniň guramagynda Berkarar döwletimiziň bagtyýar zenanlarynyň hem-de kärdeşler arkalaşyklarynyň işjeň agzalarynyň arasynda geçirilýän «Gahryman Arkadagyň kitaby umumadamzat gymmatlygydyr» atly bäsleşigi şeýle çäreleriň hatarynda görkezmek bolar. Bäsleşigiň Gumdag şäher tapgyry hem ýokary ruhubelentlige beslendi. Oňa şäheriň edara-kärhanalarynda, okuw mekdeplerinde zähmet çekýän zenanlar işjeň gatnaşdylar. Olar eserden bir parçany labyzly okamak, rowaýatlary sahnalaşdyrmak hem-de kitabyň özlerinde galdyran täsirleri barada ýürek buýsançlaryny çeper beýan etmek boýunça ukyp- -başarnyklaryny görkezdiler. Netijede, 5-nji orta mekdebiň mugallymy Dessegül Gökiýewanyň çykyşyna emin agzalary tarapyndan ýokary baha berildi we ol bäsleşigiň ýeňijisi diýlip yglan edildi. Ikinji orna Körpeje buraw işleri müdirliginiň işgäri Ýazgül Hojamowa, üçünji orna şäher medeniýet bölüminiň işgäri Nurbibi Garlyýewa we şäher häkimliginiň 1-nji başlangyç hünär okuw mekdebiniň talyby Annagül Agöýliýewa mynasyp boldular.

Täzegül Garaklyýewa, Gumdag şäherindäki 5-nji orta mekdebiň mugallymy, zenanlar guramasynyň işjeň agzasy.

© TÜRKMENISTANYŇ ZENANLAR BIRLEŞIGINIŇ MERKEZI GEŇEŞI zenan.gov.tm 2012-2022      Email: tzb@online.tm