2022-nji,
"Halkyň Arkadagly Zamanasy"

Ajaýyp döwrümiziň bagtyýar zenanlary

Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan döwletimizde zenanlar hakyndaky alada ýurdumyzyň döwlet syýasatynyň ileri tutulýan esasy ugurlarynyň biridir. «Mähriban enelerimize, gelin-gyzlarymyza sarpa goýmak, olaryň mertebesini belent tutmak, edep-ekramyna, durmuş ýörelgelerine aýratyn söýgi we hormat bilen garamak müňýyllyklardan gözbaş alyp gaýdýan milli dessurymyzdyr» diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow nygtaýar. Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe özboluşly öwüşgine eýe bolan bu ajaýyp ýol-ýörelge her bir zenany begendirýär, buýsandyrýar. Öý hojalykçy zenanlara, ýaş çagaly enelere degişli goldawlaryň, sekiz we şondan köp çagany terbiýeleýän enelere «Ene mähri» diýen hormatly adyň berilmegi, ýurdumyzyň jemgyýetçilik-syýasy durmuşynda we zähmetde tapawutlanýan, halkymyzyň ruhy-ahlak däplerini has-da pugtalandyrmakda, ýaş nesli watansöýüjilik ruhunda terbiýelemekde aýratyn hyzmatlary bitirýän zenanlaryň döwlet sylaglary, şol sanda «Zenan kalby» ordeni bilen sylaglanylmagy biziň buýsançly başymyzy göge ýetirýär. Gahryman Arkadagymyzyň taýsyz tagallalary netijesinde bu gün türkmen zenanynyň sarpasy diňe bir ýurdumyzda däl-de, tutuş dünýäde belent tutulýar. Türkmen milli halyçylyk sungatynyň ÝUNESKO-nyň Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna girizilmegi halkymyzyň milli gymmatlyklarynyň şan-şöhratynyň äleme dolmagy bilen birlikde, türkmen zenanlarynyň zehininiň hem bütindünýä ykrarnamasydyr. Häzirki wagtda ýurdumyzda gender deňligi syýasatyny durmuşa geçirmek de hem uly işler alnyp barylýar. Berkarar Watanymyzyň 2015-nji ýylda BMG-niň gender deňligi we zenanlaryň hukuklaryny we mümkinçiliklerini giňeltmek meseleleri baradaky düzüminiň Ýerine ýetiriji Geňeşine, 2018 — 2020-nji ýyllarda BMG-niň Çagalar gaznasynyň Ýerine ýetiriji komitetine, şeýle hem Zenanlaryň statusy boýunça Komissiýasyna saýlanmagy munuň aýdyň subutnamasydyr. Biz uly ruhubelentlik, buýsanç bilen «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylyna gadam basdyk. Şan-şöhrata beslenjek bu ajaýyp ýylda hem ýurdumyzyň zenanlar guramasynyň öňünde möhüm wezipeler durýar. 2020-nji ýylyň 16-njy dekabrynda ýurdumyzyň jemgyýetçilik-syýasy guramalarynyň ýolbaşçylary bilen geçiren iş maslahatynda hormatly Prezidentimiz aýal-gyzlaryň ýurdumyzyň jemgyýetçilik-syýasy durmuşyndaky ornunyň ýokarlandyrylmagyna aýratyn üns bermek, ýaşlaryň arasynda ozaldan gelýän maşgala gymmatlyklarynyň wagyz edilmegine gönükdirilen çäreleri geçirmek, zenanlaryň jemgyýetde alyp barýan işlerini güýçlendirmek babatda anyk tabşyryklary berdi. Olary durmuşa geçirmek boýunça çäreler biziň ýyllyk iş meýilnamamyzyň esasy bölegini düzýär. Ajaýyp döwrümiziň bagtyýar zenanlary özleri hakynda edilýän bimöçber alada asyllylygy, görüm-göreldesi we yhlasly zähmeti bilen jogap berýärler. Olar ata Watanymyzyň mundan beýläk-de gülläp ösmegine mynasyp goşant goşmagy özleriniň mukaddes borjy hasaplaýarlar. Munuň üçin ähli şertleri döredip berýän hormatly Prezidentimize tüýs ýürekden çykýan alkyş sözleri dilleriň senasy bolup ýaňlanýar.
Arazgül Baýramberdiýewa, Esenguly etrabynyň häkiminiň orunbasary, Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň etrap geňeşiniň başlygy

© TÜRKMENISTANYŇ ZENANLAR BIRLEŞIGINIŇ MERKEZI GEŇEŞI zenan.gov.tm 2012-2022      Email: tzb@online.tm