2022-nji,
"Halkyň Arkadagly Zamanasy"

”Zenan türgenlerimiziň halkara ýaryşlaryndaky üstünlikleri we Türkmenistanyň oňyn gender syýasaty”

Türkmenistanyň Jemgyýetçilik guramalarynyň merkezi binasynda
2021-nji ýylyň 9-njy fewralynda Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň Merkezi Geňeşiniň we Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli merkeziniň bilelikde gurnamaklarynda Türkmenistanda gender deňligi boýunça 2021-2025-nji ýyllar üçin Hereketleriň Milli Meýilnamasynyň çäklerinde ”Zenan türgenlerimiziň halkara ýaryşlaryndaky üstünlikleri we Türkmenistanyň oňyn gender syýasaty” atly maslahat geçirildi.

Türkmenistanda aýallaryň ýokary jemgyýetçilik hukuk derejesi türkmen jemgyýetinde gadymdan gelýän demokratik gymmatlyklar bilen baglydyr. Türkmenistanyň Konstitusiýasyna we halkara hukugyň umumy ykrar edilen kadalaryna laýyklykda, jemgyýetçilik-syýasy, durmuş-ykdysady we medeni-ynsanperwer ulgamlarda alnyp barylýan işlere aýallaryň erkekler bilen deň hukukly gatnaşmagy we aýallar üçin deň mümkinçilikleriň döredilmegi Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň ilkinji ýyllardan başlap, döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri bolmagynda galýar.
Maslahatda çykyş edenler Türkmenistanda gender deňligi boýunça 2021-2025-nji ýyllar üçin Hereketleriň Milli Meýilnamasynyň çäklerinde Zenan türgenlerimiziň halkara ýaryşlaryndaky üstünlikleri we Türkmenistanyň oňyn gender syýasaty dogrysynda gürrüň berdiler. Halkara derejeli sport ussatlaryny we tejribeli tälimçileri taýýarlamak, ýaş türgenleriň täze neslini kemala getirmek işi ýurdumyzda anyk wezipe hökmünde kesgitlenildi. Bu ugurda ýurdumyzda uly üstünliklere we şatlyk-şowhuna beslenip geçirilen Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlaryny, Agyr atletika boýunça dünýä çempionatyny ýatlap bellediler. Hormatly Prezidentimiz 2018-nji ýylda Aşgabat şäherinde geçirilen Agyr atletika boýunça dünýä çempionatynda 45 kilograma çenli agram derejesinde türkmenistanly türgen Ýulduz Jumabaýewanyň itekläp götermekde altyn medalyň we silterläp götermekde kümüş medalyň eýesi bolandygy dogrysynda gürrüňlerini dowam etdiler. Şeýle hem maslahatyň dowamynda gender deňliginiň, jynsyna garamazdan, adamlary ösüşlere, deňlige, sagdyn ýaşaýşa, düşünjeli, ylymly-bilimli bolup, öz hak-hukuklaryny gazanmaga çagyrýandygy boýunça teleýazgy gurnaldy.
Maslahatda çykyş edenler ylym-bi¬li¬me, me¬de¬ni¬ýe¬ti¬mi¬ze, däp-dessurla-ry¬my¬za, saglyk we sport syýasatyna uly üns berýän we olary ösdürmäge ähli müm¬kin¬çi¬lik¬le¬ri dö¬red¬ýän hor¬mat¬ly Pre¬zi¬denti¬mi¬ziň ja¬nynyň sag bolmagyny, be¬ýik iş¬le¬riniň üs¬tün¬liklere beslenmegini arzuw etdiler.

Ýörite habarçy
TZBMG baş hünärmen O.Gandymowa

© TÜRKMENISTANYŇ ZENANLAR BIRLEŞIGINIŇ MERKEZI GEŇEŞI zenan.gov.tm 2012-2022      Email: tzb@online.tm