Geçirilýän çäreler

Her ýylyň 1-nji iýunynda tutuş dünýä bileleşigi bilen bir hatarda Türkmenistan diýarymyz Çagalary goramagyň halkara gününi belleýär. Bu gün döwletimiziň BMG-niň çagalaryň hukuklary we bähbitleri baradaky esasy ýörelgelerine ygrarlydygyny hem-de ýaş nesil barada içgin alada edýändigini alamatlandyrýan şanly sene hökmünde resmi tertipde milli baýramçylyklaryň sanawyna goşuldy.

Düýn ýurdumyzda Türkmen halysynyň baýramy ýokary ruhubelentlikde bellenilip geçildi. Baýramçylyk mynasybetli hormatly Prezidentimiziň Permanyna laýyklykda, ussat halyçy zenanlaryň birnäçesine «Türkmenistanyň at gazanan halyçysy» diýen hormatly at dakyldy we Türkmen halysynyň milli muzeýinde olary sylaglamak dabarasy boldy. Toý gününde göwni galkynan, sungatyndan sarpa tapan halyçylar buýsançly ýürek sözlerini habarçylarymyz bilen paýlaşdylar.

Annanabat DURDYÝEWA,
Türkmen halysynyň milli muzeýiniň halyçysy:

Haly — türkmeniň kalby, gyz-gelinlerimiziň döreden gözellik nusgasy. Şeýle bolansoň, el halylarymyz biziň milli buýsanjymyzdyr. Türkmen halylaryna geçmişde-de uly gyzyklanma bildirilipdir, häzirki günde-de bu gözellik nusgasyna isleg uludyr. Bu babatda türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň «Janly rowaýat», «Arşyň nepisligi», «Türkmenistan — Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi» atly kitaplarynda gymmatly pikirler öňe sürülýär.

Türkmen halky el-işlerine diýseň baý halklaryň biri. Türkmen gelin-gyzlarynyň uz barmaklaryndan dörän dürli el işlerini göreniňde olaryň ruhy dünýäsiniň baýdygy, köňül arzuwlarynyň gözeldigi aýdyň görünýär. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiz gadymy ene-mamalarymyzyň eden el işlerine uly baha berip, olaryň dowam etdirilmegi, geljek nesillerimize galdyrmak boýunça bimöçber alada edip, bu ugurda ähli mümkinçilikleri döredip berýär.

Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň «Enä tagzym — mukaddeslige tagzym» eserinde beýan edişi ýaly, ejeler öz perzentleri üçin perişde hasaplanylýar. Eje bolmak her bir zenan üçin iň belent mertebe. Tutuş millete käbe bolmak bolsa, Ylahydan berlen derejedir. Çünki oňa Hak özüniň nazar saljak perzendiniň ejesi bolmak bagtyny miýesser görüpdir. Türkmen halkynyň käbesi, Gahryman Arkadagymyzyň ejesi, Arkadagly Serdarymyzyň enesi Ogulabat eje-de hut şeýle käbelerdendir.

Gyýkyndylardan döreýän sungat

Hünär hakynda gürrüň gozgalanda, ilki bilen, zenanlaryň on barmagyndan döreýän el işleri göz öňüňde janlanýar. Zenanlar maşgalada öý-ojagyň eýesi bolansoňlar, milli el işleriniň hem ussadydyrlar. Gyz-gelinler tikinýän köýneklerinden galýan mata gyýkyndylaryny hem yrýa etmän, olary biri-birine sepläp, körpençeleri, ýorgan-düşekçeleri, elbukjalary we başga-da hojalyga gerek birnäçe zatlary döretmegi başarýarlar. Bu el işlerine başgaça gurama işleri hem diýilýär.

Pages

© TÜRKMENISTANYŇ ZENANLAR BIRLEŞIGINIŇ MERKEZI GEŇEŞI zenan.gov.tm 2012-2023      Email: tzb@online.tm