2021-nji ýyl,
«Türkmenistan – parahatçylygyň
we ynanyşmagyň Watany» ýyly

Geçirilýän çäreler

2021-nji, “Türkmenistan-parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany” ýylynyň 9-njy awgustynda Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň we Mejlisiniň, Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň Merkezi Geňeşiniň hem-de Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli merkeziniň bilelikde geçiren “Hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda Merkezi Aziýa ýurtlarynyň zenanlarynyň dialogy-dostluk, doganlyk gatnaşygynyň nyşany hem-de ýurdumyzda gender deňliginiň oňyn ösüşi” atly maslahat we tele ýazgy geçirildi.

Gah­ry­man Ar­ka­dagy­my­zyň «Türkme­niň döw­let­li­lik ýö­rel­ge­si» at­ly aja­ýyp ki­ta­byn­da go­ja­man ta­ry­hyň öw­rüm­li ýolla­ryn­da hal­ky­my­zyň dö­re­den hem-de asyr­larbo­ýy sün­nä­läp, dur­mu­şy­nyň aýryl­maz bö­le­gi­ne öw­rü­len däp-des­sur­la­ry, edim-gy­lym­la­ry ha­kyn­da diý­seň ma­ny­ly, çuň maz­mun­ly söh­bet açyl­ýar.

Düýn paýtagtymyzdaky Jemgyýetçilik guramalarynyň merkezi binasynda Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň Merkezi geňeşi, Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli merkezi tarapyndan ýurdumyzyň Garaşsyzlygynyň şanly 30 ýyllygyna hem-de «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylyna bagyşlanyp, türkmen öýleriniň bezegi hasaplanylýan, geçmişde ene-mamalarymyzyň zehin-ylhamyndan, yhlasly zähmetinden dörän milli gymmatlygymyz bolan keçäniň dürli nusgalarynyň taýýarlanyş usullaryny açyp görkezmek, nesillerde asylly gylyk-häsiýetleri terbiýelemek, el hünärlerine bolan söýgini artdyrmak maksady

2021-nji “Türkmenistan-parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany” ýylynyň 29-njy iýulynda Türkmenistanyň jemgyýetçilik guramalaynyň merkezinde Hormatly Prezidentimiziň “Maşgala näçe berk boldugyça, jemgyýet hem şonça hemmetaraplaýyn baýdyr”diýen şygaryna esaslanyp, Türkmenistanyň şanly Garaşsyzlygynyň 30 ýyllygyna hem-de “Türkmenistan – parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany” ýylyna bagyşlap Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň Merkezi Geňeşi, Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli Merkeziniň bilelikde gurnamaklarynda Berkarar döwletiň bagtyýarlyk döwrüniň çeper elli, zähmetsöýer zenanl

Ýakynda paýtagtymyzdaky Türkmen halysynyň milli muzeýinde Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň Merkezi geňeşiniň, Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli merkeziniň hem-de «Türkmenhaly» döwlet birleşiginiň bilelikde guramagynda her ýyl geçirilmegi däbe öwrülen «Arkadag paýhasyndan ady dünýä dolan türkmen halysy» atly bäsleşigiň döwlet tapgyry geçirildi. Türkmen halysynyň baýramy mynasybetli geçirilen bu bäsleşige onuň welaýatdyr şäher tapgyrlarynda birinji orny eýelän halyçylaryň jemi 12-si gatnaşdy.

Türkmen halysynyň baýramy hem-de Garaşsyzlygymyzyň şanly 30 ýyllygy mynasybetli Serdar şäher medeniýet öýünde Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli merkeziniň, Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň Merkezi geňeşiniň hem-de «Türkmenhaly» döwlet birleşiginiň yglan eden «Arkadag paýhasyndan ady dünýä dolan türkmen halysy» atly bäsleşigiň welaýat tapgyry geçirildi.

Pages

© TÜRKMENISTANYŇ ZENANLAR BIRLEŞIGINIŇ MERKEZI GEŇEŞI zenan.gov.tm 2012-2021      Email: tzb@online.tm