2021-nji ýyl,
«Türkmenistan – parahatçylygyň
we ynanyşmagyň Watany» ýyly

Geçirilýän çäreler

Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň Merkezi geňeşi tarapyndan yglan edilen «Ýylyň zenany» bäsleşiginiň Serdar şäher tapgyry geçirildi. Ýaş nesli terbiýelemekde arkama-arka dowam edip gelýän edim-gy- lymy, Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe zenan mertebesine goýulýan sarpany, Watanymyzyň ösüşlorine ýaşlarda söýgi döretmegi, mähriban Arkadagymyza wepalylygyň nusgasyny görkezmegi maksat edinen bäsleşige dürli ugurlarda zähmet çekýän zenanlar gatnaşdylar.

Ýakynda üstümizdäki ýylyň ''Saglygynyň we ruhubelentligiň ýyly'' diýip yglan edilmegi mynasybetli Atamyrat şäheriniň medeniýet merkezinde“Sagdyn jemgyýet-berkarar döwlet“ atly wagyz –nesihat çäresi geçirildi. Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň etrap birleşmesiniň, TMÝG-niň etrap Zenanlar guramasynyň bilelikde guran bu çäresine edara-kärhanalaryň işgärleri,jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri, ýaşulular gatnaşdylar. Sagdynlygyň bar ýerinde ruhubelentlik, durmuşa höwes möwç urýar, kämil jemgyýet kemala gelýär.

Golaýda paýtagtymyzdaky «Bagt ýoly» toý mekanynda Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň Merkezi geňeşiniň yglan eden «Ýylyň zenany — 2017» atly bäsleşiginiň paýtagtymyzyň Berkararlyk etrap tapgyry geçirildi. Bu bäsleşige etrabyň düzümine girýän edara-kärhanalarda zähmet çekýän zenanlar gatnaşdylar. Täsirli geçen bäsleşikde zenanlar dürli ugurlar boýunça özleriniň ukyp-başarnyklaryny görkezdiler. Bagtyýar zenanlar öz çykyşlarynda Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüniň ýeňişleriniň, ata Watanymyzda gazanylýan ägirt uly tutumlarynyň, ruhubelent durmuşymyzyň waspyny ýetirdiler.

Hormatly Prezidentimiziň yglan eden Sagdynlygyň we ruhubelentligiň ýylynda ýurdumyzda köpçülikleýin bedenterbiýäni we sporty ösdürmekde uly tutumly işler durmuşa geçirilýär. Bu babatda biziň welaýatymyzda hem sport çäreleridir bäsleşikleri giňden ýaýbaňlandyrylýar.

Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli merkeziniň, Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň merkezi geňeşiniň, Kärdeşler arkalaşyklarynyň Ahal welaýat birleşmesiniň, Gökdepe etrap häkimliginiň bilelikde guramagynda Gökdepe etrabynyň «Babarap» toý mekanynda «Arkadagyň ak ýollary—buýsanjymyz Garaşsyzlyk» atly aýdym-sazly dabara ýurdumyzyň baş baýramynyň şanyna guralan guramaçylykly medeni çäreleriň biri boldy.

Kaka şäherindäki «Berkarar» toý mekanynda bolan şowhunly dabara mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 25 ýyllyk baýramçylygyna bagyşlandy. Kaka etrap häkimliginiň, Kärdeşler arkalaşyklarynyň etrap birleşmesiniň, Zenanlar birleşiginiň etrap bölüminiň, ylym we bilim işgärleriniň Kärdeşler arkalaşyklarynyň etrap Geňeşiniň hem-de etrap medeniýet bölüminiň bilelikde guramaklarynda geçirilen baýramçylyk dabarasy köp adamly boldy.

Pages

© TÜRKMENISTANYŇ ZENANLAR BIRLEŞIGINIŇ MERKEZI GEŇEŞI zenan.gov.tm 2012-2021      Email: tzb@online.tm