2021-nji ýyl,
«Türkmenistan – parahatçylygyň
we ynanyşmagyň Watany» ýyly

Geçirilýän çäreler

Serdar şäheriniň medeniýet öýünde Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň Merkezi geňeşiniň, Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli merkeziniň we Türkmenistanyň Dokma senagaty ministrliginiň bilelikde yglan eden «Arkadagly Diýarda gözelligiň nusgasy — dokmaçy gelin-gyzlar» atly bäsleşigiň welaýat tapgyry geçirildi. Bäsleşige gatnaşan dokmaçy gelin- -gyzlar hormatly Prezidentimiziň «Enä tagzym — mukaddeslige tagzym» atly kitabynyň zenan ykbalyna ýetirýän täsirini, durmuşdaky ähmiýetini wasp etdiler.

Balkanabat nebitçilik orta hünär okuw mekdebinde Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň Merkezi geňeşiniň we Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli merkeziniň yglan eden «Ýylyň zenany» bäsleşiginiň Balkanabat şäher tapgyry geçirildi. Oňa dürli ulgamlarda zähmet çekýän zenanlar gatnaşdylar.

Ýurdumyzda mähriban Arkadagymyzyň parasatly baştutanlygynda 2020-nji «Türkmenistan — Bitaraplygyň mekany» ýyly ýokary zähmet üstünliklerine, taryhy wakalara baý ýyllaryň biri boldy. Ýurdumyzyň ähli pudaklarynda ýokary zähmet üstünlikleri gazanyldy.

Jemgyýetiň demokratiýa ýoly bilen has-da ilerlemegi birnäçe görkezijiler bilen ölçelýär. Zenanlar we erkekler üçin deň hukuklaryň we mümkinçilikleriň üpjiin edilmegi şolaryň biridir. Zenanlaryň hukuklarynyň goraglylygy deňhukuklylygy, her bir maşgalanyň abadançylygy, sagdyn nesilleriň dowamaty hem-de jemgyýet üçin sagdyn ruhly, berk bedenli, kämil şahsyýetleriň kemala gelmegi nukdaýnazaryndan wajyp şertleriň biridir.

Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Türkmenbaşy şäher birleşmesi Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň şäher geňeşi bilen bilelikde nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynyň medeni-sport toplumynyň mejlisler zalynda «Zenan edebi — sagdyn jemgyýetiň binýady» atly duşuşyk çäresini geçirdi. Şäheriň edara-kärhanalarynyň öňdebaryjy zenanlarynyň, mährem eneleriň we talyp gyzlaryň gatnaşmagynda geçirilen çäre Gahryman Arkadagymyzyň çykyşlarynda we dürdäne eserlerinde beýan edilýän kämil ruhyahlak ýörelgelerini aýal-gyzlaryň arasynda giňden wagyz-ündew etmeklige bagyşlandy.

Ak bugdaý etrabynyň Gämi oba Medeniýet öýünde «Gahryman Arkadagyň kitaby umumadamzat gymmatlygydyr» atly bäsleşigiň welaýat tapgyry geçirildi. Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň Merkezi Geňeşi hem-de Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli merkezi tarapyndan yglan edilen bu bäsleşige dürli kärde işleýän öňdebaryjy zenanlar, şeýle-de kärdeşler arkalaşygynyň işjeň agzalary gatnaşdylar. Medeniýet öýüniň giň eýwanynda milli mirasymyzyň gymmatlyklaryndan we ajaýyp kitaplardan guralan sergi bolsa, bu ýere gelenlerde uly gyzyklanma döretdi.

Pages

© TÜRKMENISTANYŇ ZENANLAR BIRLEŞIGINIŇ MERKEZI GEŇEŞI zenan.gov.tm 2012-2021      Email: tzb@online.tm