2022-nji,
"Halkyň Arkadagly Zamanasy"

Geçirilýän çäreler

Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň Merkezi Geňeşi hem-de Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli merkeziniň bilelikde yglan eden döredijilik bäsleşigi hem iň ökdeleri öňe saýlady. Ýurdumyzyň Jemgyýetçilik guramalarynyň mer­kezi edara binasynda gözel paýtagtymyzda ilkinji gezek geçirilen Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlaryna bagyşlanyp yglan edilen bu döredijilik bäsleşiginiň jemi jemlendi. Edara binasynyň giň eýwanynda ýaýbaňlandyrylan sergi bada-bat ünsüňi çekýär.

Ýurt Garaşsyzlygymyzyň 26 ýyllyk şanly toýy mynasybetli «Bereketli türkmen saçagy» atly kitapdaky datly tagamlary wagyz etmek we şäheriň edara-kärhanalarynda göreldeli zähmet çekýän zenanlaryň milli türkmen tagamlaryny taýýarlamakda ukyp-başarnyklaryny açyp görkezmek maksady bilen, Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Türkmenbaşy şäher birleşmesi Zenanlar birleşmesiniň şäher bölümi bilen bilelikde «Toý saçagyny giň ýazalyň, joralar!» atly bäsleşikli medeni-köpçülik çäresini geçirdi.

Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 26 ýyllyk baýramy mynasybetli Balkanabat şäherindäki Bagt köşgünde Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň welaýat bölüminiň we Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň welaýat birleşmesiniň bilelikde guramagynda bäsleşik geçirildi. «Zenan kalbynyň şuglasy» ady bilen geçirilen bäsleşige welaýatymyzyň etrap-şäherlerinden işjeň zenan­lar gatnaşdylar.

Baharly etrabyndaky medeniýet öýünde Türkmenistanyň zenanlar birleşiginiň Merkezi Geňeşiniň, «Zenan kalby» žurnalynyň redaksiýasynyň, şeýle-de welaýat häkimliginiň bilelikde guramagynda «Zeminiň zynaty —zenan» atly döredijilik duşuşygy geçirildi. Oňa döredijilik işgärleri, edara-kärhanalarda, jemgyýetçilik guramalarynda zähmet çekýän ze­nanlar, mährem eneler gatnaşdylar.

Ýurdumyzda dabaraly bellenilýän şanly seneleriň biri bolan Hasyl toýuna bagyşlanyp, welaýatymyzyň ähli ýerinde baýramçylyk çärelerine giň gerim berilýär. Millilige ýugrulan baýramçylyk dabaralarynyň biri-de welaýat merkezindäki Milli «Ak bugdaý» muzeýiniň golaýynda ýerleşýän giň meýdançada geçirildi. Ony Ahal welaýat häkimligi, Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň welaýat bölümi hem-de welaýat medeniýet müdirligi bilelikde gurady.

Düýn ýurdumyzyň Jemgyýetçilik guramalarynyň binasynda Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli merkeziniň, Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň bilelikde guramaklarynda «Zenan kalbyndan dörän nepislik» atly hünär bäsleşigi hem-de zenanlaryň el işleridir döwrebap lybaslarynyň sergisi geçirildi. Oňa Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli merkeziniň, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşiniň, «Owadan» hyzmat ediş öýüniň hem-de Aşgabat

şäherindäki 80-nji orta mekdebiň toparlary gatnaşdylar.

Pages

© TÜRKMENISTANYŇ ZENANLAR BIRLEŞIGINIŇ MERKEZI GEŇEŞI zenan.gov.tm 2012-2022      Email: tzb@online.tm