2022-nji,
"Halkyň Arkadagly Zamanasy"

Geçirilýän çäreler

2022-nji ýylyň 12-nji aprelinde Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň Merkezi Geňeşiniň, Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň zenanlar guramasynyň bilelikde gurnamagynda talyp gyzlaryň arasynda edepli-terbiýeli bolmaklary, arassa-ahlakly bolmaklary, gelin-gyzlara mahsus tebygy gözelliklerini gorap, aýap saklamaklaryny maksat edinip “Gyz edebi-gyzyl gül” atly wagyz-nesyhat çäresi geçirildi.

2022-nji, “Halkyň Arkadagly zamanasy” ýylynyň 05-nji aprelinde Türkmenistanyň Jemgyýetçilik guramalarynyň merkezinde Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň Merkezi Geňeşi, Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli merkezi bilen bilelikde Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe eşretli durmuşyň hözirini görüp ýaşaýan bagtyýar zenanlaryň we kärdeşler arkalaşyklarynyň agzalarynyň arasynda Mähriban Arkadagymyzyň ýiti pähiminden joşup çykan “Enä tagzym-mukaddeslige tagzym” atly kitaby esasynda, “Ene-döwletlilik” atly bäsiligiň jemleýji tapgyry geçirildi.

2022-nji ýylyň 4-nji aprelinde Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň Merkezi Geňeşini, Türkmen döwlet maliýe institutynyň zenanlar guramasynyň bilelikde gurnamagynda talyp gyzlaryň arasynda edepli-terbiýeli bolmaklary, arassa-ahlakly bolmaklary, gelin-gyzlara mahsus bolmadyk endiklerden daşda bolmaklaryny maksat edinip “Gyz edebi-gyzyl gül” atly wagyz-nesyhat çäresi geçirildi.

2022-nji ýylyň 31-nji martynda Türkmenistanyň Jemgyýetçilik guramalarynyň merkezi binasynda Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň Merkezi Geňeşiniň Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli Merkezi bilelikde gurnamagynda Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň zähmetsöýer, çeper elli, edepli, maşgala ojagynyň abraý-mertebesini belende galdyrýan gyzlaryň arasynda yglan edilen “Edepli hem çeper elli türkmen gözeli” atly bäsleşiginiň jemleýji tapgyry geçirildi.

Düýn Jemgyýetçilik guramalarynyň merkeziniň mejlisler jaýynda Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň we Mejlisiniň, Zenanlar birleşiginiň Merkezi geňeşiniň, Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli merkeziniň bilelikde guramagynda «Göwünlerde buýsanç, dillerde alkyş Size, Arkadag!» atly maslahat geçirildi.

Pages

© TÜRKMENISTANYŇ ZENANLAR BIRLEŞIGINIŇ MERKEZI GEŇEŞI zenan.gov.tm 2012-2022      Email: tzb@online.tm