2022-nji,
"Halkyň Arkadagly Zamanasy"

Ahal welaýaty

Ber­ka­rar döw­le­tiň tä­ze eý­ýa­my­nyň Gal­ky­ny­şy
döw­rün­de türk­men döw­le­ti­niň mi­ze­mez esas­la­ryny ber­kit­mek­de, de­mok­ra­tik ýö­rel­ge­le­ri kä­mil­leşdir­mek­de, umu­ma­dam­zat bäh­bit­li baş­lan­gyç­la­ry
öňe sür­mek­de, jem­gy­ýe­ti­miz­de sag­dyn dur­muş
ýö­rel­ge­le­ri­ni kä­mil­leş­dir­mek­de giň göw­rüm­li çäre­ler dur­mu­şa ge­çi­ril­ýär. Şo­nuň bi­len bag­ly­lyk­da,
türk­men maş­ga­la­sy­nyň ag­zy­bir­li­gi­ni, je­bis­li­gi­ni
we berk­li­gi­ni ga­zan­mak­da, şeý­le hem ça­ga­la­ryň

Mährijemal AŞYROWA,
Bäherden etrabyndaky 4-nji çagalar bagynyň terbiýeçisiniň kömekçisi:

Änew şäherindäki Medeniýet öýünde hormatly Prezidentimiziň Permany esasynda, Türkmenistanyň «Ene mähri» diýen hormatly adyna mynasyp bolan köp çagaly eneleri sylaglamak dabarasy geçirildi. Dabarany welaýat häkimligi, welaýatymyzyň jemgyýetçilik guramalary hem-de Medeniýet müdirligi bilelikde gurady.

Ak bugdaý etrabynyň Gämi oba Medeniýet öýünde «Ýylyň zenany» atly bäsleşigiň welaýat tapgyry geçirildi. Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň Merkezi Geňeşi tarapyndan ýurdumyzyň zenanlarynyň arasynda geçirilmegi däbe öwrülen bäsleşigiň şanly ýyldaky welaýat tapgyryna dürli pudaklarda zähmet çekýän öňdebaryjy zenanlar gatnaşyp, olar degişli ugurlar boýunça ukyp-başarnygyny görkezdiler.

Hormatly Prezidentimiz Watanymyzyň gülläp ösmegi, şu günki ýaş nesillerimiziň geljekde watansöýüji, zähmetsöýer, ylymly-bilimli, ilhalar adamlar bolup ýetişmekleri üçin giň mümkinçilikleri döredýär. Şeýle mümkinçiliklerden peýdalanyp, ýurdumyzdaky her bir edara-kärhanalarda bolşy ýaly, ylym-bilim ulgamynda hem uly işler alnyp barylýar.

Ak bug­daý et­ra­by­nyň Nowruz ýaý­la­syn­da­ky «Türk­me­niň ak öýi» bi­na­syn­da ýur­du­my­zyň uly ýaş­ly gyz­la­ryň ara­syn­da yglan edi­len «Edep­li we çe­per el­li türk­men gö­ze­li» at­ly bäs­le­şi­giň we­la­ýat tap­gy­ry ge­çi­ril­di.

Pages

© TÜRKMENISTANYŇ ZENANLAR BIRLEŞIGINIŇ MERKEZI GEŇEŞI zenan.gov.tm 2012-2022      Email: tzb@online.tm