2022-nji,
"Halkyň Arkadagly Zamanasy"

Ahal welaýaty

Eneleriň edebinden, mährinden geçmişimiz, geljegimiz, ömrümiz şuglalydyr. Gadymyýetden gözbaş alyp gaýdýan milli gymmatlyklarymyzyň dowamat-dowam bolmagyna eneleriň goşan goşantlary ägirt uludyr. Eneler öz kalbynyň owadanlygyny keşdeleriň üsti bilen beýan etmek arkaly ruhy gözelligi hem döredijilerdir. Gelin-gyzlar bolsa milli hünärmentçiligimizi dowam etdirijilerdir.

Türk­me­nis­ta­nyň Kär­deş­ler ar­ka­la­şyk­la­ry­nyň Mil­li mer­ke­zi hem-de Türk­me­nis­ta­nyň Ze­nan­lar bir­le­şi­gi­niň Mer­ke­zi Ge­ňe­şi ta­ra­pyn­dan ýur­du­my­zyň uly ýaş­ly gyz­la­ryň ara­syn­da yg­lan edi­len «Edep­li we çeper el­li türk­men gö­ze­li» at­ly bäs­le­şi­giniň şä­her­dir et­rap tap­gyr­la­ry we­la­ýa­ty­myz­da gu­ra­ma­çy­lyk­ly ge­çi­ril­di. Oňa zäh­met­sö­ýer, çe­per el­li, edep­li, maş­ga­la oja­gy­nyň ab­raý-mer­te­be­si­ni be­len­de gal­dyr­ýan gyz­lar uly hö­wes bi­len iş­jeň­lik­de gat­naş­dy.

Çyr­py mäh­ri­ban ene-ma­ma­lary­myz­dan ýaş ne­sil­le­ri­mi­ze mi­ras ga­lan ga­dy­my ly­bas­la­ryň bi­ri­dir. Çyr­py­nyň keş­de­le­ni­şi kür­tä ga­ra­nyň­da, has çyl­şy­rym­ly ha­sap­la­nyp­dyr. Se­bä­bi onuň äh­li ýe­ri nagyş­lan­ýar. Şeý­le-de çyr­py­nyň aşak ete­gi hem-de ýe­ňi­niň ujy ýü­pek­ler bi­len se­çekle­nip­dir. El hü­nä­ri­ni sun­gat de­re­je­si­ne ýe­ti­ren ene-ma­ma­la­ry­myz çyr­pa «çakmak», «iç­ýa­na­gyz», «teg­bent», «em­zik», «çy­nar ýap­ra­gy» ýa­ly ga­dy­my na­gyş­la­ry sa­lyp­dyr­lar.

Ge­çen hep­dä­niň an­na gü­ni Änew şä­he­rin­dä­ki Mede­ni­ýet öýün­de hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ziň tä­ze dö­reden «Ýa­şa­syn pa­ra­hat dur­muş!» at­ly goş­gu­sy­na bagyş­la­nan da­ba­ra­ly mas­la­hat ge­çi­ril­di.

Öň­ňin Änew şä­he­rin­dä­ki Me­de­ni­ýet öýün­de tä­ze ka­bul edi­len ka­nun­çy­lyk na­ma­la­ry­ny ila­ta dü­şün­dirmek mak­sa­dy bi­len mas­la­hat ge­çi­ril­di. Türk­me­nista­nyň Mil­li Ge­ňe­şi­niň Halk Mas­la­ha­ty hem-de Mej­lisi ta­ra­pyn­dan gu­ra­lan mas­la­ha­ta köp ça­ga­ly ene­ler, Ze­nan­lar gu­ra­ma­sy­nyň iş­jeň ag­za­la­ry gat­naş­dy.

Ýakynda Bäherden etrabynyň medeniýet öýünde Tükmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli merkeziniň hem-de Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň bilelikde guramagynda wagyz-nesihat duşuşygy geçirildi. Oňa ýaşuly nesliň, jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri, kärdeşler arkalaşyklarynyň we zenanlar guramasynyň dürli pudaklarda zähmet çekýän agzalary gatnaşdylar.

Pages

© TÜRKMENISTANYŇ ZENANLAR BIRLEŞIGINIŇ MERKEZI GEŇEŞI zenan.gov.tm 2012-2022      Email: tzb@online.tm