Ahal welaýaty

Zenan maşgalada aýratyn gudratly güýç bar. Şol gudratly güýç oňa külli adamzadyň terbiýeçisi bolmakda medet berýär, güýç berýär, kuwwat berýär. Zenan - ene ynsany söýgüsi bilen penalamakda, gaýgysy bilen  goraglamakda, asyrlarboýy ojaklaryň oduny öçürmän, sallançaklaryň üwreginiň badyny gowşatman, ýaşaýşyň umyt uşlybyny üzmän saklamakda şol gudrat ony ýanbermez etdi.

        Zenan – dünýäniň gözbaşynda durýar.

        Zenan – dünýäniň halasgäri.

Ene söýgüsi! Bu duýgy söz bilen düşündirip bolmajak üýtgeşik duýgy. Ene söýgüsinde keramat bar, onda tebigat tarapyndan bagyş edilen ylahy güýç bar. Ol suwy egsilmeýän umman ýaly, uç-gyraksyz, aňyrsyna göz ýetmeýän güýçli duýgy. Şahyr aýtmyşlaýyn:

Enäniň ýüregi näzikdir gülden,
Enäniň ýüregi güýçlüdir silden...

Eneler gojaman dünýäniň görki. Mähri çog ýaly eneler ojagyň zynaty. Şonuň üçin dünýäde iň gowy eserler enelere bagyşlanyldy. Ynsan kalby eneleriň mährine-didaryna hemişe maýyl. Bu babatda beýik söz ussady Magtymguly Pyragynyň «Walydym, Mekge-Medinäm, mähribanym, kaýda sen» diýen setirlerini ýada salalyň. Eneler hakynda söhbet açylanda ynsan zybany mähir-gora ýugrulýar.

ENELER — GÜLLERE, GÜLLER — ENELERE MEŇZEŞ

Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň Merkezi Geňeşi tarapyndan yglan edilen «Ýylyň zenany» atly bäsleşigiň welaýat tapgyry jemlendi. Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynyň çärelerine özboluşly toý ruhuny çaýan bäsleşigiň bu tapgyry Änew şäherindäki medeniýet öýünde geçirildi. Oňa etrap tapgyrlarynda öňe saýlanan zenanlar gatnaşyp, jemgyýetçilik durmuşynyň dürli ugurlarynda alyp barýan işleri boýunça ukyp-başarnyklaryny görkezdiler.

Käte hyýalymda gamsyz çagalygymyň gujagyna dolanmak edähedim bar. Şol pursat kalbymda gunçalan höweslerimiň arzuwlara öwrülendigini sahaplanan durmuş kitabyndan edil ýanynda ýaly görüp oturmaly. Ine, ömrüme okap, tamamlap bilmejek şol kitabyň ýakymly ýatlamalary bu gezek meni Bamy obasyndan çykardy.

Ak bugdaý etrabynyň merkezindäki Medeniýet öýünde Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň Ahal welaýat bölüminiň guramagynda maslahat geçirildi. Oňa ady agzalan jemgyýetçilik guramasynyň işjeň agzalary, edara-kärhanalarda, şol sanda bilim, saglygy goraýyş, medeniýet ulgamlarynda zähmet çekýän zenanlar we mährem eneler gatnaşdy.

Pages

© TÜRKMENISTANYŇ ZENANLAR BIRLEŞIGINIŇ MERKEZI GEŇEŞI zenan.gov.tm 2012-2023      Email: tzb@online.tm