Şeýle at bilen Tejen etrap häkimliginiň mejlisler zalynda wagyz-nesihat duşuşygy geçirildi. Oňa etrabyň edara-kärhanalarynda zähmet çekýän işgärler, geňeşlikleriň arçynlary, jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri, il sylagly ýaşulular hem-de mährem eneler gatnaşdy. Duşuşykda etrap häkiminiň orunbasary, Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň etrap bölüminiň başlygy Gülşirin Gandymowa, etrabyň Garaşsyzlyk oba geňeşliginiň ýaşaýjysy, mährem ene Göwher Aşyrberdiýewa, etrap bilim bölüminiň hünärmeni Amangül Hümmedowa dagy çykyş etdiler.