2022-nji,
"Halkyň Arkadagly Zamanasy"

Ahal welaýaty

Ýakynda Kaka etrabyndaky «Serdar» pamyk egriji fabriginde «Bagtyýarlyk döwrüniň çeper elli zenanlary» atly bäsleşigiň etrap tapgyry geçirildi. Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň Merkezi Geňeşiniň hem-de ýurdumyzyň Dokma senagaty ministrliginiň bilelikde yglan eden bäsleşiginiň çäginde guralan bu bäsleşige dokmaçy gelingyzlar gatnaşdy.

Türk­me­nis­ta­nyň Ze­nan­lar bir­le­şi­gi­niň Mer­ke­zi Ge­ňe­şi ta­ra­pyn­dan ýur­du­my­zyň ze­nan­la­ry­nyň ara­syn­da ge­çi­ril­me­gi däbe öw­rü­len «Ýy­lyň ze­na­ny» at­ly bäs­le­şigiň Ka­ka et­rap tap­gy­ry şan­ly ýy­ly­myz­da hem uly ru­hu­be­lent­li­ge eýe bol­dy. Et­rabyň Me­de­ni­ýet öýün­de bo­lan bäs­le­şi­giň no­bat­da­ky tap­gy­ry­ny Türk­me­nis­ta­nyň Ze­nan­lar bir­le­şi­gi­niň et­rap bö­lü­mi, Türkme­nis­ta­nyň Kär­deş­ler ar­ka­la­şyk­la­ry­nyň et­rap bir­leş­me­si hem-de et­ra­byň me­deni­ýet bö­lü­mi bi­le­lik­de gu­ra­dy.

«Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» şygary astynda geçýän şanly ýylymyzda Ak bugdaý etrabynda baý manymazmunly çäreler guralýar. Etrabyň Gämi obasynyň Medeniýet öýünde «Gahryman Arkadagyň kitaby — umumadamzat gymmatlygy» ady bilen yglan edilen bäsleşigiň etrap tapgyrynyň guralmagy hem şeýle çäreleriň üstüni ýetirdi. Ony Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň etrap bölümi, Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň etrap birleşmesi hem-de etrabyň medeniýet bölümi bilelikde gurady.

Ak bugdaý etrabynyň Gämi oba Medeniýet öýünde «Türkmenistan — Bitaraplygyň mekany» ýyly mynasybetli baýramçylyk duşuşygy geçirildi. «Zeminiň zynaty — zenanlar» atly bu dabara Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň Ahal welaýat bölümi, Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň welaýat birleşmesi hem-de welaýat Medeniýet müdirligi tarapyndan bilelikde guraldy.

Go­laý­da «Gü­lüň owa­dan!» ady bi­len ge­çi­ri­len bäs­le­şiginiň welaýat tapgyry Mil­li «Ak bugdaý» mu­ze­ýin­de ýaý­baň­lan­dy. Ony Türk­me­nis­ta­nyň Ze­nan­lar bir­le­şi­gi­niň Mer­ke­zi Ge­ňe­şi hemde Türk­me­nis­ta­nyň Kär­deş­ler arka­la­şyk­la­ry­nyň Mil­li mer­ke­zi bi­lelik­de yg­lan et­di.

«Ak bugdaý» muzeýinde «Zenan kalbyndan dörän nepislik nusga bolup galsyn ilden illere» atly bäsleşigiň welaýat tapgyry geçirildi. Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli merkeziniň, Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň Merkezi Geňeşiniň hem-de Türkmenistanyň Dokma senagaty ministrliginiň ýurdumyzyň dokmaçy gelin-gyzlarynyň arasynda bilelikde yglan eden bäsleşiginiň nobatdaky tapgyryna welaýatymyzda hereket edýän dokma senagatyna degişli kärhanalaryň işgärleri gatnaşdy.

Pages

© TÜRKMENISTANYŇ ZENANLAR BIRLEŞIGINIŇ MERKEZI GEŇEŞI zenan.gov.tm 2012-2022      Email: tzb@online.tm