2022-nji,
"Halkyň Arkadagly Zamanasy"

Daşoguz welaýaty

Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylynyň bir-birine sepleşip gelýän şanly seneleri bagtyýar halkymyz tarapyndan giňden dabaralandyrylýar. Bu hemişelik Bitaraplygymyzyň 26 ýyllyk toýunyň baýramçylyk dabaralarynda hem has aýdyň ýüze çykýar. Golaýda Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň welaýat bölümi tarapyndan welaýat kitaphanasynda geçirilen «tegelek stoluň» başyndaky söhbetdeşlik hem şanly senäniň dabaralarynyň üstüni ýetirdi.

Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň welaýat bölüminiň meýilnamasy esasynda, maşgala mukaddesligini berkitmek, sagdyn durmuş ýörelgelerini ündemek, ahlaklylygy, türkmeniň milli ýol-ýörelgelerini wagyz etmek maksady bilen, golaýda Daşoguz şäher häkimliginiň mejlisler zalynda maslahat geçirildi. Daşoguz şäher zenanlar guramasynyň guramagynda «Öý-ojagyň gelşigi, maşgala mukaddesligi» atly şygar astynda geçirilen maslahata dürli ugurlarda zähmet çekýän işjeň zenanlar gatnaşdylar.

Şeýle buýsançly şygar bilen golaýda welaýat häkimliginiň mejlisler zalynda dabaraly maslahat geçirildi hem-de onuň çäklerinde zenanlaryň el işleriniň sergisi guraldy.

Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň guramagynda gyz-gelinleriň arasynda türkmeniň däp-dessurlaryny, maşgala mukaddesligini hem-de edep-terbiýe kadalaryny wagyz-nesihat etmek maksadynda, welaýatymyzyň çar künjeginde maslahatlar giňden ýaýbaňlandyryldy.

Toýlaryň toýlara ulaşýan häzirki ajaýyp günlerinde döwletiň bir ülşi hasaplanýan maşgala mukaddesligi barada geçirilýän wagyz-nesihat duşuşyklary şanly pursatlaryň mazmunyny has-da baýlaşdyrýar. Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň welaýat bölümi tarapyndan «Öý-ojagyň gelşigi, maşgala mukaddesligi» ady bilen guralýan şeýle çärelere welaýatyň sebitleriniň dürli ugurlarynda zähmet çekýän zenanlar işjeň gatnaşýarlar. Golaýda şeýle şygar bilen Gubadag etrabynyň medeniýet merkezinde geçirilen duşuşyk ýokary guramaçylyk derejesine eýe boldy.

«Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylynyň ajaýyp wakalarynyň hataryny düzen hoş habarlar döwlet hem jemgyýetçilik durmuşyna ýokary täsirliligi bilen tapawutlandy. «Türkmeniň keşdeçilik sungaty» atly hödürnamanyň ÝUNESKO-nyň Sekretariatyna hödürlenendigi we täze — «Halkyň Arkadagly zamanasy» ýylynda bu boýunça degişli çözgüdiň kabul edilmegine garaşylýandygy baradaky guwandyryjy habar ýurdumyzyň hem-de mähriban zenanlaryň mertebesini ýene bir gez beýgeltdi.

Pages

© TÜRKMENISTANYŇ ZENANLAR BIRLEŞIGINIŇ MERKEZI GEŇEŞI zenan.gov.tm 2012-2022      Email: tzb@online.tm