2022-nji,
"Halkyň Arkadagly Zamanasy"

Daşoguz welaýaty

Golaýda S.A.Nyýazow adyndaky etrabyň Gaýrat geňeşligindäki oba medeniýet öýünde Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň welaýat bölüminiň guramagynda maslahat geçirildi.

Golaýda Daşoguz şäherindäki aýdym-saz merkezinde Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň Merkezi geňeşiniň, «Türkmenhaly» döwlet birleşiginiň hem-de Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli merkeziniň bilelikde guramagynda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýiti pähim-paýhasyndan joşup çykan «Janly rowaýat» we «Arşyň nepisligi» atly kitaplary esasynda ýurdumyzyň halyçy zenanlarynyň arasynda guralýan «Arkadagyň ylhamynyň nury sen, gözellik dessany türkmen halysy» atly baýramçylyk bäsleşiginiň welaýat tapgyry geçirildi.

Şeýle at bilen golaýda Köneürgenç etrabynyň Medeniýet merkeziniň mejlisler zalynda wagyz-nesihat duşuşygy geçirildi. Ony Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň etrap we şäher guramalary etrabyň jemgyýetçilik guramalary bilen bilelikde guradylar.

Türkmen zenanlarynyň maşgaladaky ornunyň uly bolşy ýaly, olaryň jemgyýetdäki orny hem uludyr. Şunlukda bedew bady bilen öňe barýan ýurdumyzda zenan sarpasy has-da belentde tutulýar, olar halk hojalygynyň dürli ugurlarynda ak ýürekden zähmet çekýärler.

Ýakynda Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň Daşoguz şäher guramasynyň, welaýat Baş bilim müdirliginiň, «Türkmenistan» Ýaşlar bedenterbiýe-sport guramasynyň Daşoguz şäher bölüminiň, beýleki jemgyýetçilik guramalarynyň bilelikde guramagynda «Türkmenistan — ruhubelentligiň we sagdynlygyň ýurdy» atly XI spartakiadanyň çäklerinde oglanlaryň hem-de gyzlaryň arasynda sportuň gandbol görnüşi boýunça ýaryş geçirildi.

Golaýda Daşoguz şäher häkimliginiň mejlislerzalynda welaýatyň ähli pudaklarynda zähmet çekýän işewür zenanlaryň, mährem eneleriň, hukuk goraýjy edaralarynyň we jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleriniň gatnaşmagynda dabaraly maslahat geçirildi.

Pages

© TÜRKMENISTANYŇ ZENANLAR BIRLEŞIGINIŇ MERKEZI GEŇEŞI zenan.gov.tm 2012-2022      Email: tzb@online.tm