Daşoguz welaýaty

Zenanlar guramasynyň işjeň zenanlaryň arasynda yglan eden bäsleşiginiň welaýat tapgyrynda etraplardan gelen çeper elli zenanlar öz başarnyklary bilen çykyş edip, tejribe alyşýardylar. Bäsleşigiň bu tapgyry Ýaňyl üçin has-da aýgytlaýjy. Çünki gulpagyny tasadyp ýören çagalyk döwründen mähriban käbesiniň irginsiz yhlas bilen öwreden el hünäriniň bu gün netijesini saldarlajak gündi.

Türkmen oba hojalyk institutynda ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleriniň talyp gyzlarynyň arasynda yglan edilen «Täze eýýamyň üme däbi» atly döredijilik festiwaly geçirildi. Bäsleşige gatnaşan talyp gyzlar ene-mamalarymyzdan miras galan dürli görnüşdäki el işlerini ussatlyk bilen ýerine ýetirdiler.

Şeýle şygar bilen golaýda «Daşoguz habarlary» gazetiniň redaksiýasynyň Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň welaýat bölümi bilen bilelikde guramagynda söhbetdeşlik geçirildi.

Большой той, славящий щедрость туркменской земли, венчающий труд дайхан, пришёл на туркменскую землю. В этом году земледельцы получили богатые урожаи хлеба и хлопка, фруктовых, бахчевых, овощей, создав изобилие на рынках страны и ещё раз подтвердив, что трудолюбие дайхан, щедрость земли-кормилицы безграничны, как и любовь тружеников села к родной земле.

 

АХАЛ

Häzirki gülläp ösüş döwrümizde zenanlarymyz hem ýurdumyzyň halk hojalygynyň dürli pudaklarynda halal, tutanýerli zähmet çekip, gazanylýan üstünliklere öz mynasyp goşantlaryny goşýarlar. Bu babatda biziň Köneürgenç etrabymyzyň zenanlar guramasyny düzýän işjeň agzalar tarapyndan hem bimöçber işleriň amala aşyrylýandygyny belläp geçmek has-da ýerlikli. Etrap zenanlar guramamyzyň düzüminde ilkinji guramalaryň 75-si hereket edip, ony agzalaryň 22762-si düzýär.

Her milletiň öz milli gymmatlyklary bar. Türkmen maşgalasynda çaga dünýä inenden oňa geýdiriljek eşikleri ene-mamalarymyz ýagşy arzuwlara laýyk bolan yrymlar esasynda tikipdirler. Oňa çagalar 3 – 4 ýaşaýança geýdirilýän kürtekçäni hem mysal getirmek bolar. Çaga kyrk çileden çykandan soň, oňa tä 3 – 4 ýaşyna çenli kürtekçe, ýelek, kirlik geýdiripdirler. Bu egin-eşiklerde köp sanly üýtgeşmeler bar.

Pages

© TÜRKMENISTANYŇ ZENANLAR BIRLEŞIGINIŇ MERKEZI GEŇEŞI zenan.gov.tm 2012-2023      Email: tzb@online.tm