Daşoguz welaýaty

Golaýda Daşoguz şäherindäki «Ýaşlar» merkezinde TZB-niň welaýat bölüminiň, TMÝG-niň welaýat geňeşiniň hem-de welaýat Baş bilim müdirliginiň bilelikde guramagynda maslahat geçirildi. Maslahata mährem eneler, Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Mejlisiniň deputatlary, jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri, Daşoguz şäherindäki umumy bilim berýän orta mekdepleriň okuwçy gyzlary we mugallymlar gatnaşdylar.

Bir obada iki sany ýakyn joralar bolupdyr. Wagtyň geçmegi bilen olaryň hersi bir oba durmuşa çykypdyrlar. Şeýdip ýaňky joralar bir-birlerini görmän, aradan köp ýyllar geçipdir. Ahyr bir gün bulara görüşmek, ýaşlygyny ýatlaşyp oturmak miýesser edipdir. Şonda olaryň biri has garran ýaly, ýüzi gasyn-gasyn, bili biraz eglen ýaly, beýlekisi bolsa özüniň görk-görmegini ýitirmän, ýanyndaky jorasyndan has juwan görnüpdir. Şonda olar bir-birlerinden bu ýagdaýyň sebäbini soranlarynda, öz ýaşyndan garry görünýän gelin:

Oba hojalyk önümçiliginiň möhüm pudaklarynyň biri bolan balçylyk bilen meşgullanýan, ýurdumyzda bazar bolçulygyny döretmäge, ilatyň azyk üpjünçiligine bolan isleglerini kanagatlandyrmaga mynasyp goşantlaryny goşýan balçylar az däl. Çünki türkmençilikde bal arylary ýedi hazynanyň biri hasaplanýar. Soňky ýyllarda balçylyk bilen meşgullanýanlaryň sany barha artýar. Bu köp zähmet siňdirilýän kesp bilen gyzyklanýanlaryň arasynda zenan maşgalalaryň hem bolmagy has-da guwandyrýar.

«Halkyň Arkadagly zamanasy» atly beýik şygarly ýylymyzda belent tutumlary amala aşyrmagyň, berkarar Watanymyzy gülledip ösdürmegiň bähbidine alnyp barylýan işlere işjeň goşulyşmak tutuş halkymyz bilen birlikde, bagtyýar zenanlaryň hem baş maksadyna öwrülýär. Türkmen zenanlary agzybir maşgala ojagyny abat saklamak bilen, ata Watanymyzyň geljegi bolan ýaş nesli mynasyp terbiýeläp ýetişdirmäge, owadan hem nepis işleri bilen döwrümizi bezemäge we baýlaşdyrmaga saldamly goşantlaryny goşýarlar.

Balkanabat şäherindäki «Türkmeniň ak öýi» binasynda Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň welaýat bölüminiň, Kärdeşler arkalaşyklarynyň Balkan welaýat birleşmesiniň bilelikde guramagynda «Gülüň owadan!» atly bäsleşigiň welaýat tapgyry geçirildi. Oňa deslapky tapgyrlarda ýeňiji bolan gelin-gyzlar gatnaşdylar. Öýlerimiziň ýaraşygy bolan türkmen keçesiniň nusgalarynyň taýýarlanylyşyny açyp görkezmek, ýaşlarda milli gymmatlyklara bolan höwesi artdyrmak bäsleşigiň esasy maksady boldy.

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ösüşleriň täze belentliklerine barýan eziz diýarymyzyň her bir güni taýdur-baýramlara beslenýär. Halkyň Arkadagly zamanasy ýylynda ähli musulman ýurtlarynda bellenilýän gurban baýramy biziň ýurdymyzda hem şatlyk şowhuna beslenip bellenilýär. Gurban baýramy bagtyýar halkyň agzybirligini, jebisligini, azat, erkana durmuşyny, ynsana goýulýan belent sarpany aňladýar, adamlaryň ýüreginde birek-birege mähremligi, dost-doganlyga bolan duýgyny berkidýär.

Pages

© TÜRKMENISTANYŇ ZENANLAR BIRLEŞIGINIŇ MERKEZI GEŇEŞI zenan.gov.tm 2012-2023      Email: tzb@online.tm