2022-nji,
"Halkyň Arkadagly Zamanasy"

Daşoguz welaýaty

Golaýda Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň Daşoguz şäher guramasynyň guramagynda «Türkmen keşde- çilik sungaty — milli mirasymyz» atly dabaraly maslahat geçirildi. Oňa şäher zenanlar guramasynyň işjeň agzalary, talyp gyzlar gatnaşdylar.

Adam dünýä inende, ilki bilen, ene gujagynda hüwdülenýär. Sekuntlara çenli sanalgy durmuşyň hasaby şol pursatlardan dowam edip başlaýar. Dünýäniň abadanlygy, durmuşyň nuranalygy bolsa maşgalanyň bagtyndadyr. Öý-ojagyň berkarar bolmagy jemgyýetiň sazlaşykly ösüşleriniň biri hasaplanýar. Her bir döwletiň ykdysady, syýasy taýdan ösüşi halkynyň agzybirliginde jemlenýändir. Maşgalanyň bagty hem onuň agzalarynyň agzybirliginde we jebisligindedir. Türkmen halky gadym döwürlerden bäri maşgala gymmatlygyna uly sarpa goýup gelýär.

«Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylynyň bir-birine sepleşip gelýän şanly seneleri bagtyýar halkymyz tarapyndan giňden dabaralandyrylýar. Bu hemişelik Bitaraplygymyzyň 26 ýyllyk toýunyň baýramçylyk dabaralarynda hem has aýdyň ýüze çykýar. Golaýda Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň welaýat bölümi tarapyndan welaýat kitaphanasynda geçirilen «tegelek stoluň» başyndaky söhbetdeşlik hem şanly senäniň dabaralarynyň üstüni ýetirdi.

«Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylynda döwlet durmuşynda, halkyň ykbalynda amala aşyrylýan özgertmeleriň, tutumlaryň her biri bu günki gün hormatly Prezidentimiziň «Döwlet adam üçindir!» diýen ynsanperwer şygarynyň doly durmuşa geçirilýändigine şaýatlyk edýär. Ajaýyp ýyl ýazgylary bilen taryha girjek şu ýylda halkymyz hem-de dünýä jemgyýetçiligi üçin parahat, abadan, agzybirlikli ýaşaýşy üpjün etmäge gönükdirilen başlangyçlar köptaraplaýyn häsiýete eýedigi bilen kalplarda mynasyp orun alýar.

Golaýda «Bagt köşgi» toý dabaralary merkezinde Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň welaýat bölümi tarapyndan sagdyn durmuş ýörelgelerini ündemek, maşgala mukaddesligini berkitmek, ahlaklylygy, türkmeniň milli ýol-ýörelgelerini wagyz etmek maksady bilen, «Maşgala gymmatlygy» atly wagyz-nesihat çäresi geçirildi. Oňa şäher we etrap zenanlar guramalarynyň ýolbaşçylary, jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri hem-de ýaşlar gatnaşdylar.

Il içinde «El hünäri — il gezer» diýlen bir aýtgy bar. Her ynsana tebigy bir hünär berilýär. Köneürgenç etrabynyň Maslahat geňeşliginiň Maslahatdepe obasynda ýaşaýan, Köneürgenç etrap zenanlar guramasynyň işjeň agzasy Ogulşeker Kelowa hem eli çeper zenanlaryň biri.

Pages

© TÜRKMENISTANYŇ ZENANLAR BIRLEŞIGINIŇ MERKEZI GEŇEŞI zenan.gov.tm 2012-2022      Email: tzb@online.tm