Golaýda Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň Merkezi Geňeşi tarapyndan ýetip gelýän Halkara zenanlar güni mynasybetli yglan edilen «Asyrlardan-asyra aşan nepislik» atly bäsleşigiň Daşoguz welaýat tapgyry geçirildi.
«Maral» toý mekanynda guralan bäsleşige welaýatdaky «Türkmenhaly» döwlet birleşigine degişli edara-kärhanalarda işleýän gelin-gyzlar gatnaşdylar. Olar «Türkmeniň kalby — türkmeniň halysy», «Gadymy hem-de müdimi sungat», «Kesbi-kärim nesillere görelde» diýen ugurlar boýunça zehinlerini we başarnyklaryny synadylar.