Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwri ene-mamalarymyzdan biziň şu günlerimize gelip ýeten milli gymmatlyklarymyzyň nusgalyk aýratynlyklaryna hem özboluşly öwüşgin çaýdy. Milli mirasymyzyň aýrylmaz bölegi bolan el işleriniň inçeden yzarlanyp, sünnälenip ýerine ýetirilmegi, höwesdir yhlasdan kemala gelmegi onuň gymmatynyň artmagyna hem-de nesilden-nesle ajaýyp görnüşini ýitirmän geçmegine uly esas berýär. Muňa, elbetde, biziň häzirki bagtyýarlyk döwrümizde hem aýratyn üns, uly ähmiýet berilýär.