Halk döredijiligi giden bir umman. Lälelerdir monjugatdylardan, hüwdülerden başga-da, zenanlarymyzyň ýaşaýyş-durmuşda hojalyk, durmuş hajatly döreden söz düzümleri ulanyşdan galman, ene dilimiziň baýlygyny artdyryp, ony has-da kämilleşdirýär.
«Atam maly baýlygyma däl, baýrynmagyma», «Odunyňy aýama, nanyňy söýeme!», «Aýbymy enem aýtmasa-da, aýna aýdar» ýaly aýal-gyzlaryň diline mahsus bolan aňlatmalar olaryň erkeklere garanda has duýguçyldygyny, dilleriniň has çeperdigini äşgär edýär.