Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe Gahryman Arkadagymyzyň tagallasy bilen amala aşyrylýan özgertmeleriň netijesinde ykdysadyýetimizde uly ösüşlere eýe bolunýar. Ähli pudaklarda sanlylaşdyrma giňden ornaşdyrylyp, bagtyýar halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş şertleri has-da ýokarlandyrylýar. At-owazasy, şöhraty, ýokary hilli önümleri bilen tanalýan “Ýeňiş” tikin fabriginde ykdysady ösüşler gazanylýar. Ýurdumyzda, daşary bazarda bäsdeşlige ukyply bolan ýokary hilli önümleriň öndürilişi ýokarlanýar.