Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistanda zenanlar jemgyýeti pugtalandyrmakda möhüm güýje öwrüldi. Türkmen zenanlary öý-ojagyň eýesi, mähriban ene hökmünde kemally, ilhalar, zähmetsöýer perzentleri ösdürip ýetişdirmek bilen, ýurdumyzyň jemgyýetçilik-syýasy, durmuş-ykdysady, medeni-ynsanperwer ulgamlarynda, şeýle-de dostlukly döwletler bilen özara gatnaşyklarda ýokary işjeňlik görkezýärler.