2022-nji,
"Halkyň Arkadagly Zamanasy"

Lebap welaýaty

Ýurdumyzda gymmatly çig mal bolan pile öndürmek işi, ýüpekçilik döwrebap derejede ösdürilýär. Her ýyl Watanymyzyň ýüpekçileri ýüpek gurçugynyň pilesini taýýarlamak bilen, şertnamalaýyn borçnamalaryny ýerine ýetirýärler.

Halkymyzyň ata-babalardan, ene-mamalardan dowam edip gelýän ýaşaýyş-durmuş gymmatlyklary bar. Öý, ojak, tamdyr ýaly mukaddeslikler bu gymmatlyklaryň gözbaşynda durýar.

Tamdyr türkmen öýüniň, türkmen ojagynyň döwletliliginiň özenidir. Şol sebäpli tamdyry gurmaga özboluşly çemeleşilýär. Kalby ýagşy niýetlerden doly ata-babalarymyz, ene-mamalarymyz tamdyr gurmaga sähetli gün girişip, ilki bilen, onuň ýerini tegeläp çyzypdyr. Soňra şol çyzgy esasynda tamdyry gurup başlapdyrlar.

Türkmenabat şäherindäki «Türkmeniň ak öýi» binasynda hormatly Prezidentimiziň ýiti zehininden syzylyp çykan «Enä tagzym ― mukaddeslige tagzym» atly kitaby esasynda yglan edilen «Ene döwletlilik» atly bäsleşik geçirildi. Oňa welaýatyň jemgyýetçilik guramalarynda zähmet çekýän göreldeli zenanlar gatnaşdylar.

Bäsleşigiň maksady hormatly Prezidentimiziň «Enä tagzym ― mukaddeslige tagzym» atly kitabynyň çuňňur many-mazmunyny wagyz etmeklige hem-de bu eseriň üsti bilen ýurdumyzda zenan maşgalalara goýulýan sylag-sarpany açyp görkezmeklige gönükdirildi.

Türkmenabat şäheriniň görküne özüniň milli öwüşgini bilen aýratyn görk berip oturan «Türkmeniň ak öýi» binasynda Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň Merkezi geňeşi tarapyndan ýurdumyzyň zenanlarynyň arasynda yglan edilen «Ýylyň zenany» bäsleşiginiň welaýat tapgyry geçirildi. Oňa halk hojalygynyň dürli pudaklarynda zähmet çekýän öňdebaryjy zenanlar gatnaşyp, özleriniň ukyp-başarnyklaryny görkezdiler. Şol gün çäräniň geçýän ýeri «Türkmeniň ak öýi» binasynyň sadaka jaýy türkmeniň milliligini janlandyryp, uly ruhubelentlige beslendi.

Ýurdumyzda milli mirasymyzy öwrenmek we ony geljekki nesillere ýetirmek maksady bilen dürli döredijilik bäsleşikleriniň geçirilmegine uly ähmiýet berilýär. Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň Merkezi geňeşiniň hem-de Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli merkeziniň yglan eden «Edepli hem çeper elli türkmen gözelleri» atly bäsleşigi-de şeýle mazmunly çäreleriň biridir. Golaýda bu bäsleşigiň welaýat tapgyry geçirilip, ýeňijiler yglan edildi.

Türkmenabat şäheriniň görküne özüniň milli öwüşgini bilen aýratyn görk berip oturan «Türkmeniň ak öýi» binasynda Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň Merkezi geňeşi tarapyndan ýurdumyzyň zenanlarynyň arasynda yglan edilen «Ýylyň zenany» bäsleşiginiň welaýat tapgyry geçirildi. Oňa halk hojalygynyň dürli pudaklarynda zähmet çekýän öňdebaryjy zenanlar gatnaşyp, özleriniň ukyp-başarnyklaryny görkezdiler. Şol gün çäräniň geçýän ýeri «Türkmeniň ak öýi» binasynyň sadaka jaýy türkmeniň milliligini janlandyryp, uly ruhubelentlige beslendi.

Pages

© TÜRKMENISTANYŇ ZENANLAR BIRLEŞIGINIŇ MERKEZI GEŇEŞI zenan.gov.tm 2012-2022      Email: tzb@online.tm